Harydy yzyna tabşyrmak

Harydy gaýtarmak düzgünleri

Degişli hilli harydy yzyna gaýtarmak

Harydy yzyna gaýtarmagyň möhleti

Degişli hilli harydy yzyna gaýtarmagyň möhleti – haryt satylanda başga bir ýagdaý ylalaşylan bolmasa harydy kabul eden senesinden 1 gün.

Satyn alyjy tarapyndan harydy yzyna gaýtarmak sebäpleri şulardyr:

  • Harydy tabşyrmagyň möhleti geçen ýagdaýynda, Satyn alyjy Şahsy otagda harydy ret edip biler.

Üns beriň! Önüm, täze / ulanylmadyk ähli gaplamalar, bellikler we stikerler bilen diňe doly toplumda yzyna almak üçin kabul edilýär.

Degişli hilli haryt aşakda bellenilen tertipde yzyna gaýtarylýar:

  • Ikinokat kurýerini çagyrmak bilen (Aşgabat boýunça).

Degişli hili bolmadyk harydy yzyna gaýtarmak

Harydy gaýtarmagyň möhleti

Satyn alyjynyň tarapyndan harydy yzyna gaýtarmak sebäbi harydyň önümçilik kemçiligi (brak) bolup biler. Satyn alyjy bu hili harydy öndüriji tarapyndan bellenilen kepillik möhletiniň dowamynda tabşyrmak talaby bilen ýüz tutup biler. Eger-de öndüriji tarapyndan harydyň kepillik möhleti kesgitlenilmedik bolsa, bu hili haryt 1 (iki) aýyň dowamynda gaýtarylyp bilner.

Degişli hili bolmadyk harydyň yzyna gaýtarylmagy aşakda bellenilen usul arkaly amala aşyrylýar:

  • Harydyň yzyna gaýtarylmagy Şahsy otagda arza resmileşdirmek arkaly amala aşyrylýar.
  • Arza seredilmegiň möhleti 24 sagadyň dowamy.
  • Eger-de arza seretmegiň netijeleri boýunça Satyjy oňaýly karar kabul etse, Satyn alyjy ýokarda bellenilen usul arkaly harydy geçirip biler.
  • Arza ret edilse, alyjynyň garaşsyz ekspertiza ýüz tutmaga hukugy bar. Garaşsyz ekspertiza alyjynyň harydy yzyna gaýtarmak hukugyny tassyklasa, alyjynyň garaşsyz ekspertiza bilen baglanyşykly ähli çykdajylary Satyjy tarapyndan öwezini dolmalydyr.
*Bu düzgünler maslahat beriji häsiýete eýe bolup, Satyn alyjyny Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda göz öňünde tutulan Satyja talap bildirmek bilen baglanyşykly hukuklary çäklendirmeýär.