Ýüzüň deri örtügini ýaşardyjy toner-syworotka. Venzen 24K Gold Luxury Line Carving Toner, 50 ml
- — Aşgabadyň çaginde 10 TMT
- — Aşgabadyň çaginden daşy 30 TMT başlanyar
- — Iş wagty: Du - Şe
- — Eltip berme: 10:00 - 18:00
- — Ýekşenbe - dynç güni
Gialuron suwuklygy bilen baýlaşdyrylan ýu syworotka siziň deri örtügiňize howpsuz ideg bilen çemeleşýän düzüme eýe bolup, onuň düzüminde 24 k tebigy gyzylyň düzüminiň köp sanly iýmitlendiriji jisimleri bar. Bu serişde güýçli iýmitlendiriji we tekizleýji täsir etmek bilen, ol deri örtüginde ýygyrtlaryňýüze çykmagyna garşy göreşýär we deri örtügine sagdyn öwüşginli we ideg edilen görnüş berýär. Tebigy gyzylyň düzüminden alynan jisimler deri örtügine hakyky antioksidant hökmünde täsir edýär we ýaş aýratynlygy sebäpli ýüze çykýan deri bozulmalarynyň öňüni alýar, deriniň elastan ýumşaklygyny we sagdynlygyny ýokarlandyrýar, deri öýjükleriň täzelenmegini aktiwleşdirýär. Syworotkanyň düzümi deri örtüginiň relýefini we reňkini tekizleýär, pigment yzlaryny ýok edýär. Şeýle hem sowuklama sebäpli çykýan düwürtiklere we akne garşy göreşýär, düzümdäki tebigy gyzylyň jisimleri mikroblara garşy hereket edýär, deri öýjükelrini kiçeldýär, deriniň ýag bölüp çykaryşyny kadalaşdyrýär. Suwuklygyň düzümindäki Gialuron turşusy epidermisiň içki gatlaklaryny nemlendirýär we suw balansy saklaýar, deriniň sagdyn däl, öçügsi reňkini aýyrýar, gliserin bolsa, bu düzümdäki 3-nji ähmiýetli komponent bolup, ol deriniň tonusyny sazlaýar, ýumşadýar we öň bar bolan ýygyrtlary ýazýar, tekizleýär - mikro bozulmalary bejerýär we derini rahatlandyrýar. 24 K syworotkasy siziň deri örtügiňizi içgin iýmitlendirýär we näzik ýumşaklyk berýär. Düzümdäki beýleki ideg serişdeleri siňdirýär. Syworotkanyň yzygiderli ulanylmagy deri örtzgini görnükli ideg edýär, ýagny ýygyrtlara we mimiki ýygyrtlary tekizleýär, täze ýygyrtlaryň çykmagynyň öňüni alýar, sagdyn we öwadan öwüşgin berýär, ýüzüňizde ýadawlyk we stress sebäpli çykýan alamatlary gizleýär, gözüň töweregindäki deri zolagy hemişe sagdyn öwüşgünli, tekiz we ýakymly bolýar.
Saýlan harydyňyzy satyn almazdan öň, harydyň anyk häsiýetnamasy we düzümi barada goşmaça maglumat almak üçin, satyjy bilen habarlaşyň. Harytlaryň we / ýa-da harytlaryň daşky görnüşi öndüriji tarapyndan üýtgedilip, Ikinokat web saýtynda görkezilen maglumatlardan tapawutlanyp biler.
Alyjylaryň dykgatyna: ýokarda görkezilen maglumat neşir edilen wagty, açyk çeşmelerden, şol sanda resmi web sahypalaryndan we kataloglardan alnan iň soňky habarlara esaslanýar, önümiň beýanynyň we aýratynlyklarynyň takyklygyny kepillendirmeýär. Öndüriji gaplamanyň daşky görnüşini, önümiň düzümini, tagamlaryny we yzygiderliligini üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. Enjamyňyzyň ekranynyň reňk görkezişiniň aýratynlyklary sebäpli, önümiň reňki, suratda görkezilen reňklerden biraz tapawutlanyp biler. Saýtda görkezilen bahalar üýtgedilip we tapawutlanyp biler. Bahalar we harytlaryň sany gijikdirilip täzelenip bilner. Has giňişleýin maglumat üçin biziň administratorymyz bilen habarlaşmagyňyzy we haýsydyr bir ýalňyşlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Harytlary eltip bermek hyzmaty, saýtda görkezilen elýeterliligine baglylykda amala aşyrylýar. Sargyt edilen harytlar ammarlardan alynman, söwda merkezleriniň we dükanlaryň tekjelerinden alynýar. Edilen sargydyňyz boýunça opeartorymyz söwda merkezlerinden we dükanlardan haryt saýlananda, islenýän önümiň elýeterli ýa-da ýeterlik mukdarda bolmazlygy mümkin. Şeýle ýüze çykan ýagdaýlarda, operator size jaň edip, tapylmadyk harydyň önüm kategoriýasyndan başga bir öndürijiniň önümi bilen çalyşmagy teklip eder. Satyn alyjy teklip edilýän çalyşmalar bilen razy bolup, ýa-da sargyt alnan wagtynda, tölegi tölenmezden öň, olary ret edip biler. Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Seslenme tapylmady