Bioaqua Niocinome Avocado ýüz üçin serum
- — Aşgabadyň çaginde 10 TMT
- — Aşgabadyň çaginden daşy 30 TMT başlanyar
- — Iş wagty: Du - Şe
- — Eltip berme: 09:00 - 18:00
- — Ýekşenbe - dynç güni
Bioaqua Niacinome Avocado Elasticity Moisturizing Essence Bioaqua brendynyň bu önümi ýüzüň deri örtüginiň ýadawlygyny we öçügsi solak reňkini aýyrmak, deri örtügini tekizlemek, onuň tonusyny ýokarlandyrmak, deriniň gorag funksiýasyny ýokarlandyrýar. Ýüz üçin niýetlenilen syworotkanyň düzümindäki narpyz we awokado ekstrakty deri örtügine sagdynlyk berýär we iýmitlendirýär, deriniň reňkini tekizleýär. Bu kosemtiki serişdesi witaminlara, stirollara, antioksidantlara, peýdaly tebigy ýag kislotalaryna we mikroelementlere baý önümdir. Günüň dowamynda syworotkanyň birnäçe damjasy ýüzüň deri örtügine sagdyn öwüşgünini saklaýar, deriniň garramagyna garşy göreşýär.
Esasy inredientler:
- Awokado ekstrakty – deri örtügini tekizleýär, gurak derini ýumşadýar we gurak derileri aýyrýar. Deri örtügini ýagly kislotalary bilen baýlaşdyrýar, deriniň guraklygynyň öňüni alýar,deriniň lipid barýeryny berkidýär, ýaş aýratynlyklaryna garşy göreşýär.
- Drožž ekstrakty - deri örtügindäki pigmentleri agardýar, deriniň kollagenynyň işläp taýýarlanmagyny aktiwleşdirýär. Şeýle hem bu syworotkanyň düzümi deri örtügine ýeňil lifting we tekizleýji effekty berýär, deriniň maýyşgaklygyny ýokarlandyrýar.
- Narpyz ekstrakty - derini terlendirýär we rahatlandyrýar. Deriniň sowuklan zolaklarynyň gyjyndrymalaryny rahatlandyrýar, deri ýaglarynyň işläp taýýarlanylyşyny sazlaýar. Deridäki ýaralaryň yzlarynyň bitmegine ýardam berýär we antiseptiki täsir edýär.
Aýratynlyklary: hiç bir ysy bolmadyk ýeňil konsistensiýa; E witamini, awokado ýagy we ekstrakty; A,D,E witaminleri we fitostrela, şeýle hem ýagly kislotalar, minerallar bilen deri örtügini iýmitlendirýär; deride kollagenyň işläp çykmagyny stimulirleýär; derini ýaş aýratynlyklarynyň üýtgeşmelerinden goraýar; deriniň gorag örtügini we immunitetini berkidýär; deride gan-aýlanşyny gowulandyrýar; deri öýjükleirni kislorod bilen baýlaşdyrýar; deriniň reňkini we tonyny tekizleýär; deriniň mikrorelýefini tekizleýär; syworotkanyň yzygiderli ulanylmagy pigment nokatlaryň we ýygyrtlaryň ýüze çykmagyna garşy täsir edýär. Ulanylyşy eliňize azyrak möçberde almaly ýüzüň deri örtüginiň gurak zolaklaryna çalmaly, gözüň töweregindäki zolaklaryna çalmakdan gaça durmaly.
Saýlan harydyňyzy satyn almazdan öň, harydyň anyk häsiýetnamasy we düzümi barada goşmaça maglumat almak üçin, satyjy bilen habarlaşyň. Harytlaryň we / ýa-da harytlaryň daşky görnüşi öndüriji tarapyndan üýtgedilip, Ikinokat web saýtynda görkezilen maglumatlardan tapawutlanyp biler.
- howa
Alyjylaryň dykgatyna: ýokarda görkezilen maglumat neşir edilen wagty, açyk çeşmelerden, şol sanda resmi web sahypalaryndan we kataloglardan alnan iň soňky habarlara esaslanýar, önümiň beýanynyň we aýratynlyklarynyň takyklygyny kepillendirmeýär. Öndüriji gaplamanyň daşky görnüşini, önümiň düzümini, tagamlaryny we yzygiderliligini üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. Enjamyňyzyň ekranynyň reňk görkezişiniň aýratynlyklary sebäpli, önümiň reňki, suratda görkezilen reňklerden biraz tapawutlanyp biler. Saýtda görkezilen bahalar üýtgedilip we tapawutlanyp biler. Bahalar we harytlaryň sany gijikdirilip täzelenip bilner. Has giňişleýin maglumat üçin biziň administratorymyz bilen habarlaşmagyňyzy we haýsydyr bir ýalňyşlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Harytlary eltip bermek hyzmaty, saýtda görkezilen elýeterliligine baglylykda amala aşyrylýar. Sargyt edilen harytlar ammarlardan alynman, söwda merkezleriniň we dükanlaryň tekjelerinden alynýar. Edilen sargydyňyz boýunça opeartorymyz söwda merkezlerinden we dükanlardan haryt saýlananda, islenýän önümiň elýeterli ýa-da ýeterlik mukdarda bolmazlygy mümkin. Şeýle ýüze çykan ýagdaýlarda, operator size jaň edip, tapylmadyk harydyň önüm kategoriýasyndan başga bir öndürijiniň önümi bilen çalyşmagy teklip eder. Satyn alyjy teklip edilýän çalyşmalar bilen razy bolup, ýa-da sargyt alnan wagtynda, tölegi tölenmezden öň, olary ret edip biler. Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Seslenme tapylmady