AGENTLIK-OFERT ŞERTNAMASY

(18.05.2021 ýylyň neşirinde) Agent geljekde «Söwda hyzmatdaşlar» diýlip atlandyryljak edara görnüşli taraplar, hususy telekeçiler we 1.6 b. görkezilen gaýry şahslar bilen Jemagat Ofertasy bolup durýan, şu Şertnamada bolan şertlerde şu Agentlik-Ofert Şertnamasyny baglaşmaga niýetini beýan edýär, onda Agent we Söwda Hyzmatdaşy aýratynlykda “Tarap”, bilelikde bolsa “Taraplar” diýlip atlandyrylýar.


1.1. Agent – Telekeçi Ýagşymyradow Serdar Haldurdyýewiç (salgysy: 744036 Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 Ýyl Abadançylyk köç., 102-nji jaý, 29.07.20 senesindäki 0345618 belgili bellige alyş şahadatnamasy, elektron poçtanyň salgysy: serdar_yagshi@mail.ru Agent şu Şertnamanyň Tarapy bolup durýar we şu Şertnamanyň tertibinde we şertlerinde Söwda hyzmatdaşa Hyzmatlary üpjün edýär.

1.2. Jemgyýetçilik Ofertasy – ikinokat.com salgysy boýunça ýerleşdirilen şu resminama.

1.3. Jemgyýetçilik ofertasynyň aksepti – şu Jemagat Ofertanyň 2.4 b. göz öňünde tutulan tertipde Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan şu Jemagat Ofertanyň doly we şübhesiz kabul edilmegi.

1.4. Saýt – ikinokat.com domen ady astynda Internet torunda ýerleşdirilen, Harydy satmak hakynda Bildirişi Söwda Hyzmatdaşa ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän Saýty Serwisi bolan degişli Söwda Hyzmatdaşyň Marketpleýsine Söwda Hyzmatdaşlar tarapyndan satylýan Harytlar hakynda maglumaty öz içine alýan saýt.

1.5. Marketpleýs – Söwda Hyzmatdaşyň Harytlarynyň satyn almak-satmak babatynda Söwda Hyzmatdaşyň we Satyn alyjynyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryny döretmek üçin Saýtyň wirtual giňişligi. Marketpleýs Saýtyň bölegi bolup durýar, Söwda Hyzmatdaşyň Harytlary hakynda maglumaty, şol sanda olaryň beýanyny, satylmagyň, gaýtarmagyň, çalyşmagyň şertlerini, şeýle hem Harydyň satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmek üçin ähmiýetli bolup durýan gaýty maglumaty öz içine alýar. Marketpleýs Ulanyjylara Söwda Hyzmatdaşlaryň Harytlary hakynda maglumaty almaga, olaryň hödürnamalary, bahasyny we hilini deňeşdirmäge mümkinçiligi bermek üçin hyzmat edýär, şeýle hem Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň arasyndaky Söwda Hyzmatdaşyň Harytlarynyň satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmaga mümkinçiligi berýär.

1.6. Söwda hyzmatdaşy – Saýtda Harytlary satmak hakynda Bildiriş ýerleşdirýän, şu Jemagat Ofertasynda bellenilen tertipde Jamagat Ofertanyň Akseptini amala aşyran, Agentlik Sylaglanmasy (Agentiň komissiýasy) we şu Şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda Agente ýa-da başga adamlara degişli edilen gaýry möçberleri aýyrmak bilen satylan Harytlary üçin Satyn alyjydan pul serişdelerini alýan şu Şertnamanyň tarapy (fiziki şahs, öz işi bilen meşgullanýan şahs, edara görnüşli tarap ýa-da hususy telekeçi).

1.7. Söwda Hyzmatdaşyň şahsy kabineti (şu Şertnamanyň ýazgysy boýunça – “Şahsy Kabinet”) – Şahsy Kabineti işledilende döredilýän we Saýtdaky Söwda Hyzmatdaşyň maglumatlaryny öz içine alýan Saýtda Söwda Hyzmatdaşyň şahsy ýapyk bölümi, onda Söwda Hyzmatdaş Saýtda Awtorizasiýa edenden soň oňa Saýtda hödürlenilýän Serwisler elýeter bolýar.

1.8. Awtorizasiýa – öz autentifikasion maglumatlary girizmegiň üsti bilen Serwisiň interfeýsine girişi amala aşyrmaga we Serwisi ulanmaga mümkinçilikleri bermäge gönükdirilen Serwisde Söwda Hyzmatdaşyň hereketleri.

1.9. Satyn alyjy – Söwda Hyzmatdaşyň Harydyny satyn alan Saýtyň ulanyjysy.

1.10. Serwis – Saýtda elýeter bolan, Söwda Hyzmatdaşa şu Şertnamanyň çäklerinde onuň üçin göz öňünde tutulan bütin funksionaly ulanmaga mümkinçilik berýän serwis. Serwis interfeýsi, programma üpjünçiligi we Saýtyň ýaramly işi üçin zerur bolan we Söwda Hyzmatdaşa onuň Harydy bilen baglanşykly maglumaty ýerleşdirmäge, gözlegi we seredişi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän gaýry elementleri (gurallary, algoritmleri, usullary), şeýle hem Saýtda elýeter bolan gaýry mümkinçilikleri we funksiýalary öz içine alýar. Şu Şertnamanyň hiç bir düzgüni Söwda Hyzmatdaşa Serwise (onuň aýratyn elementlerine) ýeke-täk hukuklarynyň geçirilişi hökmünde kabul edilip bilinmez.

1.11. Bildiriş – Harydyň bahasyny, satylmagyň şertlerini we eltmegiň möhletlerini, Harydy gaýtarmagyň şertlerini, şeýle hem Harydyň satyn almak-satmak şertnamasynyň gaýry ähmiýetli şertlerini (şol sanda habarlaşmak üçin maglumaty, suratlary we Haryt hakynda ýany bilen berilýän islendik maglumaty) öz içine alýan, Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Harytlaryň satylmagy hakynda Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Saýtda ýerleşdirilýän we şahslaryň belli bolmadyň sanyna salgylanan jamagat hödürnamasy (jemagat oferta).

1.12. Sargyt – Satyn alyjy tarapyndan Saýtda ýaramly görnüşde resmileşdirilen Harydy satyn almak we/ýa-da eltmek üçin talapnama.

1.13. Sargydy ýapmak – Satyn alyja Harydy eltmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişini ýa-da özi çykaryş nokadynda Satyn alyjy tarapyndan Harydyň alynmagyny tassyklaýan Şahsy Kabinetde Söwda Hyzmatdaşyň ýa-da Agentiň hereketi.

1.14. Mahabat materiallary – mahabat häsiýetli hyzmatdaş çykgytlar, promokodlar, düwmeler, bannerler, audio-, wideo-, audiowizual habarlar we materiallar, makalalar we gaýry tekst habarlar, suratlar, grafiki suratlar, şeýle hem islendik görnüşdäki habarlar.

1.15. Kontent – Saýtda ýerleşdirilýän, gaýtadan öndürilýän, ähliumumy habaryna ýa-da Ulanyjynyň ýa-da Söwda Hyzmatdaşyň şahsy habaryna ýetirilýän islendik görnüşdäki islendik maglumat (şol sanda tekst, suratlar, grafiki suratlar, audiowizual eserler).

1.16. Haryt – şu Şertnamada we Saýtda ýerleşdirilen Ulanyjy Ylalaşygynda bellenilen tertipde we şertlerde Internet torunyň üsti bilen Satyn alyja satmagyň maksady bilen maglumaty Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Saýtda ýerleşdirilýän harytlar, hyzmatlar (şol sanda şahadatnamalar we hyzmatlary almaga hukugy tassyklaýan gaýry resminamalar), aň işiniň netijeleri, şeýle hem Kuponlar. Şu Şertnamanyň çäklerinde harytlara ulanylýan düzgünler, ulanylýan kanunçylyga, şu Şertnama we hyzmatlaryň we aň işiniň netijeleriniň hukuk tebigatyna garşy gelmeýän böleginde şeýle hem hyzmatlara we aň işiniň netijelerine ulanylýar.

1.17. Hyzmatlar – Agent tarapyndan şu Şertnama boýunça, şeýle hem Saýty ulanmak bilen Söwda Hyzmatdaşa üpjün edilýän hyzmatlar.

1.18. Agent Sylaglamasy – Satyn alyja ýerleşdirilen Söwda Hyzmatdaşyň Harydy üçin Satyn alyjylar tarapyndan tölenilen pul serişdelerinden göterim gatnaşykda kesgitlenilýän Söwda Hyzmatdaşyň ýumuşy Agent tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin sylaglamasy.

1.19. Saýtda bellige durmak – Şahsy Kabineti döretmek we Saýtyň aýratyn Serwislerine girişi almak maksady bilen Saýtyň interfeýsiniň ýörite görnüşini ulanmak bilen şu Şertnamada görkezilen gollanmalara laýyklykda Söwda Hyzmatdaşyň hereketleriniň bütewiligi, şol sanda Hasap Maglumatlary we gaýry maglumaty bermek.

1.20. Töleg – Agentiň Serwisiniň üsti bilen Söwda Hyzmatdaşyň satyn alynýan Harydy üçin Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna Satyn alyjy tarapyndan tölenilýän pul serişdeler, elektron pullar we Internetde hasaplaşyklar üçin ulanylýan başga serişdeler.

1.21. Subagentlik Şertnamasy – şu Şertnamany ýerine ýetirmek maksady bilen Agentiň we üçünji şahsyň arasynda baglaşylan şertnama.

1.22. Ulanyjy – Internet toruň üsti bilen Saýta we onuň Serwislerine kanuny girişi bolan we amala aşyrýan, şol sanda ýokarda görkezilen Saýtda geleşikleri geçirmek üçin ýeterlikli hukuklary bolan (şol sanda degişli geleşigi geçirmek üçin gerekli bolan çäkde kämillik ukybyna eýe bolmak) we bu fiziki şahsa kanuny görnüşde Saýta degişli geleşikleri geçirmäge päsgel berjek ulanylýan kanunçylyga laýyklykda hiç hili çäklendirmeleri bolmadyk (şol sanda gerekli bolan derejede kämillik ukybyna eýe bolmak) fiziki şahs.

1.23. Hasap Maglumatlar – Saýtda Bellige durmak prosesinde Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan özbaşdak döredilýän, ýa-da Şahsy Kabinetiň üsti bilen geljekde Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan üýtgedilen we Şahsy Kabinete girmek üçin ulanylýan ýeke-täk login we parol.

1.24. Agentiň sylaglamasy – Agent Sylaglamasy, şeýle hem Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa berilýän Hyzmatlar üçin oňa degişli bolan islendik gaýry möçberler.

1.25. Ulanyjy Ylalaşygy – ikinokat.com salgysy boýunça Internet torunda ýerleşýän resminama (onuň ähli üýtgetmeleri we goşmaçalary, şeýle hem onuň ähli goşundylary bilen). Ulanyjy Ylalaşygy şu Şertnamanyň düzüm bölegi bolup durýar we Söwda Hyzmatdaşyň Satyn alyjynyň arasyndaky hukuk gatnaşyklary düzgünleşdirmek üçin ulanylýar.

1.26. Söwda Hyzmatdaş – Dahylly däl – bu Türkmenistanyň çäklerinden daşynda bellige alnan, we şonda şu Şertnamany Agent - Telekeçi Ýagşymyradow Serdar Haldurdyýewiç (salgysy: 744036 Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 Ýyl Abadançylyk köç., 102-nji jaý, 29.07.20 senesindäki 0345618 belgili bellige alyş şahadatnamasy, elektron poçtanyň salgysy: serdar_yagshi@mail.ru bilen şu Şertnamany baglaşýan Söwda Hyzmatdaşydyr (şu Şertnamanyň 11.7.3 b. gör.)

2.1. Şu Şertnama şu Şertnamanyň 2.2 b. bellenilen maksatlarda Saýtyň we onuň Serwisiniň Agent tarapyndan üpjün edilmeginiň we Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan ulanylmagynyň tertibini we şertlerini kesgitleýär, Saýty we onuň Serwisi ulanmak bilen Marketpleýsiň üsti bilen Harytlaryň Söwda Hyzmatdaş tarapyndan satylyşyny, Satyn alyja Harydyň Söwda Hyzmatdaş tarapyndan ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Agent tarapyndan eltmegi amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini belleýär, şeýle hem Serwisi ulanmak bilen baglylykda Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň hukuklaryny we borçnamalaryny düzgünleşdirýär. Şu Şertnamanyň ähli şertleri şu Şertnamanyň tekstinde başgaça görkezilmedik bolsa Söwda Hyzmatdaşlara – fiziki şahslara ulanylýar.

2.2. Şu Şertnama boýunça Agent Söwda Hyzmatdaşyň adyndan, tabşyrygy boýunça ýa-da hasabyna sylaglama üçin şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmäge borçnamalary özüne alýar:

● Satyn alyja Harytlaryň ýerleşdirmesinden we/ýa-da olaryň eltmesinden Söwda Hyzmatdaşyň alan pul serişdeleri almagyň üsti bilen Söwda Hyzmatdaşyň Satyn alyjylarynyň we şol Söwda Hyzmatdaşynyň arasyndaky hasaplaşyklary guramak, we Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaşyk hasabyna geçirişiň üsti bilen ýa-da Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda ylalaşylan başga islendik usul bilen olary Söwda Hyzmatdaşa doly möçberde geçirmek (Agent Sylaglamasyny aýyrmak bilen, şeýle hem Harydy eltmegiň bahasyny (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan däl-de, eýsem Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahslar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we Agente degişli bolan başga möçberleri aýyrmak bilen);

● Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetini we Söwda Hyzmatdaşyň hasap ýazgysyny Saýtda döretmegiň mümkinçiligi bermegiň üsti bilen Saýtyň Serwisine Söwda Hyzmatdaşyrynyň birikdirilişini guramak;

● Söwda Hyzmatdaşyna Şahsy Kabineti, Saýtyň Serwislerini ulanmak  we Saýtda Bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi üpjün etmek;

● Satyn alyjylara Söwda Hyzmatdaşyň Harytlarynyň eltmesini guramak (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan däl-de, eýsem Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahslar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa). Eger eltme “Türkmenpoçta” eltme operatorlary, “DHL” we başg. tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, şeýle hem eger iberişe trek-belgi bellenilen bolsa, Söwda Hyzmatdaş Şahsy Kabinetiň “Sargytlar” bölümi üsti bilen trek-belgi boýunça eltmäniň statusyny yzarlap bilýär;

● Satyn alyjy tarapyndan Harydy Söwda Hyzmatdaşa gaýtarmak halatynda – Söwda Hyzmatdaşyň Harytlarynyň Satyn alyjydan Söwda Hyzmatdaşa eltmesini guramak (eger Harydyň bu eltmesi Söwda hyzmatdaşy we özbaşdak Satyn alyjy tarapyndan däl-de, eýsem Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahslar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa), şeýle hem munuň bilen baglylykda döreýän meseleleri çözmekde Söwda Hyzmatdaşa we Satyn alyja ýardamy bermek;

● Satyn alyja Harydyň öňünden tölegiň möçberini gaýtarylmagynyň guramaçylygy amala aşyrmaly;

●Söwda Hyzmatdaşlygyň Bildirişlerini ýerleşdirmek we neşir etmek bilen baglanşykly meselelerde Söwda Hyzmatdaşa hemmetaraplaýyn kömegi we goldawy bermeli;

2.3. Agent bazaryň konýunkturasyndan ugur alyp, öz garaýyşy boýunça doly maliýe özbaşdaklygyň şertlerinde Şertnamanyň çäklerinde hereket edýär. Munuň üçin Agent öz adyndan:

● Harytlary Satyn alyjylara eltmek üçin çapar gullugy bilen şertnamany baglaşýar;

● Söwda Hyzmatdaşynyň peýdasyna Satyn alyjynyň tölegleriniň kabul edilmegini guramak we (degişli kanunlarda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda) yzyna gaýtaryp bermek üçin bir kompaniýa we/ýa-da karz edarasy we/ýa-da töleg işine gatnaşýan beýleki guramalar bilen şertnama baglaşýar.

2.4. Söwda Hyzmatdaşy Saýtda Bellige duranda çek-boksda “Ofertanyň şertlerini okadym we ylalaşdym” belligiň goýulmagynyň ýa-da pul serişdeleri tölemäge rekwizitleri Şahsy Kabineti dolduranda “Ofertanyň şertlerini okadym we ylalaşdym” belligi bermegiň üsti bilen şu Jemagat Ofertanyň Akseptini amala aşyrýar. Şu Jemagat Ofertanyň şertleri bilen Söwda Hyzmatdaşyň jedelsiz razylygy şu aşakdakylar bolup durýar:

● Şahsy kabinetde öz hasabyny doldurmak;

● Şahsy kabinetde öz hasabyndan pul serişdeleri çykarmak.

2.5. Eger Söwda Hyzmatdaşy şu Şertnamanyň we (ýa-da) onuň goşundylarynyň islendik bir düzgüni bilen ylalaşmasa, ol şu Şertnamanyň rekwizitlerinde görkezilen (şu Şertnamanyň 14-nji bölümi) elektron poçtanyň salgysyna Agente haty ibermegiň üsti bilen oňa deslapdan habar berip, Agentiň hyzmatlaryny ulanmagy derrew bes etmeli we eýýam tölenilen we/ýa-da kabul edilen Sargytlar boýunça Satyn alyjylaryň öňünde öz borçnamalaryň ählisini ýerine ýetirmeli.

2.6. Munuň bilen Söwda Hyzmatdaşy ol Harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak bilen baglanşykly Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda hukuk gatnaşyklar käbir ýagdaýlarda Harytlaryň käbir görnüşlerini satmagyň, eltmegiň, çalyşmagyň, gaýtarmagyň aýratyn düzgünleri göz öňünde tutulýan döwletiň hukugy (şu Şertnamanyň 11.7 b. gör) bilen düzgünleşdirilende (şol sanda Satyn alyjyda Harytlaryň käbir görnüşlerini satyn almaga hukugyň, belli bir uzaklykda satyn almaga hukugyň, çalyşmaga hukugyň, gaýtarmaga hukugyň ýoklugy) we degişli döwletiň hukugynda göz öňünde tutulan munuň ýaly aýratyn hukuklar şu Şertnamada we Saýtda ýerleşdirilen Ulanyjy Ylalaşykda beýan edilen umumy düzgünlerden tapawutlananda, onda Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň gatnaşyklaryna şu goşundyda öň bellenilen Harytlaryň käbir görnüşlerini satyn almagyň, eltmegiň, gaýtarmagyň aýratyn düzgünler (mysal üçin, azyk Harytlary satmagyň, eltmegiň, çalyşmagyň, gaýtarmagyň düzgünleri) ulanyljakdygy barada habarlydygyny we razylaşýandygyny tassyklaýar.

2.7. Agent Satyn alyja azyk Harytlary eltmek boýunça hyzmatlary üpjün etmeýär we şonuň üçin azyk Harytlaryň eltmesine jogapkärçiligi çekmeýär. Eger Harydyň satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak bilen baglanşykly Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda hukuk gatnaşyklary azyk Harytlaryna degişli bolsa, onda Söwda Hyzmatda şunuň bilen Agent azyk Harytlarynyň eltmesini amala aşyrmaýanlygy, şoňa baglylykda Satyn alyjy azyk Harytlaryň eltmesi boýunça hyzmaty almagy islese Söwda Hyzmatdaş bilen azyk Harytlary eltmek boýunça hyzmatlary üpjün etmek üçin degişli şertnamany baglaşmalydygy hakynda habarlydygyny we razylaşýandygyny tassyklaýar.

2.8. Eger Söwda Hyzmatdaşyň Harydy Satyn alyja Agent (ýa-da Agent bilen şertnama boýunça – üçünji tarap) tarapyndan eltilýän we şu Haryt Satyn alyja eltilende aýratyn şertleriniň berjaý edilişini talap edýän bolsa (mysal üçin, Haryt aňsat döwülýän bolsa, ýa-da eger Haryt eltilende temperatura düzgüniň berjaý edilmegi talap edilýän bolsa, ýa-da eger Haryt eltilende kesgitli ýagdaýda bolmaly bolsa we ş.m.), onda Söwda Hyzmatdaş munuň ýaly Haryt hakynda maglumaty Saýtda ýerleşdirende Agente şu Harydy Satyn alyja eltilende haýsy aýratyn şertleri berjaý etmelidigi hakynda habar bermelidir. Söwda Hyzmatdaşyň şu Şertnamanyň bu şerti ýerine ýetirmezliginde Söwda Hyzmatdaş şu Şertnamanyň bu şertleriniň Söwda Hyzmatdaş tarapyndan bozulmagyň netijesi bolup durýan ähli ýaramaz netijeleri üçin jogapkärçiligi we töwekgelçilikleri özbaşdak göterer (şol sanda hem Satyn alyjynyň, hem Agentiň öňünde jogapkärçiligi, emma onuň bilen çäklenmän). Ýokarda beýan edilene goşmaça, eger Söwda Hyzmatdaş şu 2.8 b. görkezilen şerti ýerine ýetirmese, onda Söwda Hyzmatdaş, başgalara goşmaça, ýokarda beýan edilen Harydy eltmegiň aýratyn şertlerini berjaý etmezligi üçin döwlet ýa-da munisipal edaralary we guramalary Agentden talap ediljek jerimeleriň ýa-da gaýry möçberleriň Agente tölemek bilen baglanşykly ähli çykdajylary Agente gaýtarmaga borçlanýar. Söwda Hyzmatdaş onuň Agentden degişli talaby alan günden 3 (üç) iş günüň dowamynda Agente munuň ýaly ähli çykdajylary gaýtarmaga borçlanýar.

3.1. Saýtyň we onuň Serwisiň funksional mümkinçiliklerini ulanmagyna diňe Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agent tarapyndan bellenilen prosedura laýyklykda Saýtda Bellige durmakdan we Awtorizasiýadan geçenden soň rugsat berilýär. Söwda Hyzmatdaşyň Saýtda Bellige durmagy şu Jemagat Ofertanyň düzgünleriniň we Saýtyň işini düzgünleşdirýän gaýry resminamalaryň doly we gyşarnaksyz kabul edilmegini aňladýar.

3.2. Söwda Hyzmatdaş ikinokat.com sahypasynda bellige alyş görnüşi doldurmagyň üsti bilen Saýtda Bellige alyş prosedurasyny Saýtda geçýär. Saýtda Bellige durmakdan öň Söwda Hyzmatdaş ulanylýan kanunçylyk, şeýle hem Saýtda ýerleşdirilen Saýtyň işini düzgünleşdirýän ähli resminamalar bilen tanyşmalydyr.

3.3. Saýtda Bellige duranda Söwda Hyzmatdaş şu aşakdakylary görkezmeli:

3.3.1. Eger Söwda Hyzmatdaş edara görnüşli tarap bolsa:

● edara görnüşli tarabyň ady;

● edara görnüşli tarabyň ýerleşýär ýeri;

● edara görnüşli tarabyň iş düzgüni;

● şu edara görnüşli tarapa ýaýraýan kanunçylyga laýyklykda edara görnüşli tarapyň bellige alyş maglumatlary;

● şu edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysynyň we/ýa-da wekiliň familiýasy, ady, atasynyň ady, pasport maglumatlary we habarlaşmak üçin maglumatlar (eger mümkin bolsa);

● edara görnüşli tarapyň elektron poçtanyň salgysy;

● edara görnüşli tarapyň telefon belgisi;

● Şahsy Kabinete girmek üçin login we parol.

3.3.2. Eger Söwda Hyzmatdaş hususy telekeçi, fiziki şahs ýa-da öz işi bilen meşgullanýan bolup durýan bolsa:

● familiýasy, ady, atasynyň ady, pasport maglumatlar;

● ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri);

● iş düzgüni;

● bu hususy telekeçä, fiziki şahsa ýa-da özbaşdak işleýän adama ýaýraýan kanunçylygyna laýyklykda bellige alyş maglumatlar we salgyt edaralarda hasaba goýmak hakynda maglumatlar;

● wekiliň familiýasy, ady, atasynyň ady, pasport maglumatlary (eger munuň ýaly zerurlyk bar bolsa);

● elektron poçtanyň salgysy;

● telefon belgisi;

● Şahsy Kabinete girmek üçin login we parol.

3.4. Bellige alyş görnüşi doldurylandan we “Bellige durmak” düwmesine basylandan soň Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Saýtda Bellige durulanda görkezilen elektron poçtanyň salgysyna Söwda Hyzmatdaş Saýtda Bellige durmagy, Söwda Hyzmatdaş tarapyndan islendik pursatda Şahsy Kabinetde üýtgedilip biljek logini we paroly tassyklamak üçin geçmeli çykgydy öz içine alýan haty gelýär.

3.5. Saýtda Bellige durulanda görkezilen Söwda Hyzmatdaşyň elektron poçtanyň salgysyna iberilen çykgyt boýunça geçişiň üsti bilen öz elektron poçta salgysynyň Söwda Hyzmatdaş tarapyndan tassyklanylan pursadynda Saýtda bellige alyş tamamlanan hasaplanylýar.

3.6. Saýtda Bellige alyşy amala aşyrýan her Söwda Hyzmatdaşy üçin Saýtyň Serwislerine giriş üçin ýeke-täk hasap ýazgysy we Şahsy Kabinet döredilýär. Saýtda Bellige durup, Söwda Hyzmatdaşy Awtorizasiýadan geçmegiň – öz logini we paroly girizmegiň we cookies faýllary ulanmak bilen awtomatiki Awtorizasiýanyň üsti bilen öz Şahsy Kabinete girişi amala aşyrýar.

3.7. Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetiň işledilmegi diňe Söwda Hyzmatda tarapyndan Agente Şahsy Kabinetde şu Şertnamanyň 3.3 b. görkezilen resminamalaryň we maglumatyň nusgalaryny bermekden soň amala aşyrylýar. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Şahsy Kabinetde hasaba pul serişdeleri girizmekden soň Söwda Hyzmatdaşa Saýtyň Serwisleriniň doly funksionalyna giriş üpjün edilýär.

3.8. Saýtda Söwda Hyzmatdaş hökmünde bellige durup we bellige alyş we gaýry maglumatlary görkezip, Söwda Hyzmatdaş olaryň ygtybarlygyna, derwaýyslygyna, dolulygyna, şeýle hem Saýtda Bellige durulanda üpjün edilýän maglumatyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklygy üçin doly jogapkärçiligi çekýär.

3.9. Saýtda Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinete girişi üçin, şeýle hem analitikany, şol sanda Saýta girmegiň mukdary hakynda maglumaty ýygnamak üçin cookies tehnologiýalary ulanylýar.br>
3.10. Söwda Hyzmatdaş saklamagyň usulyny özbaşdak saýlap, öz loginiň we parolyň saklanmagy we howpsuzlygy üçin, şeýle hem öz logini we paroly ulanmak bilen amala aşyrylan ähli hereketler, we mundan başga, munuň ýaly ulanyş döredip bilýän ýa-da döreden islendik netijeler üçin doly jogapkärçiligi çekýär. Şoňa baglylylkda, Söwda Hyzmatdaşy, başgalara goşmaça, ygtyýarlandyrylan antiwirus programmalary ulanmaga, paroly döredende çylşyrymly harp-san birleşmeleri ulanmaga, Söwda Hyzmatdaşyň logini we/ýa-da paroly (Hasap Maglumatlary) girizilen kompýuteri, telefony, planşeti ýa-da gaýry enjamlary üçünji adamlara bermezlige borçlanýar.

3.11. Söwda Hyzmatdaşa üçünji öz logini we/ýa-da paroly üçünji şahslara geçirmäge ýa-da islendik başga görnüşde ýetirmäge gadagan edilýär. Agent islendik sebäpden, şol sanda üçünji şahslaryň ýalan ýa-da başga hukuk bozulmaly hereketleri sebäpli öz bellige alyş maglumatlary, Hasap Maglumatlary ýitirmegi ýa-da başgaça alynmagyna jogapkärçiligi çekmeýär.

3.12. Eger Agent tarapyndan netijesinde Söwda Hyzmatdaşa ýitgiler ýetirilen Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabineti babatynda üçünji şahslar tarapyndan ýalan ýa-da islendik başga hukuga garşy hereketleriň ýerine ýetirilmegi bellenilen ýagdaýynda Agent Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan çekilen ýitgiler üçin jogapkärçiligi çekmeýär.

3.13. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan islendik sebäpden ýitirilen paroly sebäpli Awtorizasiýany amala aşyrmak mümkin bolmadyk halatynda Söwda Hyzmatdaşy onuň Saýtda Bellige duranda görkezilen öz elektron poçtanyň salgysyny ýa-da telefonyny görkezip, “Paroly dikeltmek” görnüşi doldurmaly. “Ibermek” düwmä basylandan soň Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan görkezilen elektron poçtanyň salgysyna paroly dikeltmek üçin geçmeli çykgyt geler (we/ýa-da Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan görkezilen telefona parol geler). Islendik sebäpden paroly ýitirmek, Şahsy Kabinetiň bloklanmagy, şeýle hem islendik başga esas sebäpli Awtorizasiýany geçirmek mümkin bolmasa, Söwda Hyzmatdaşy şu Şertnamanyň 14-nji bölüminde görkezilen Agentiň elektron poçtanyň salgysyna haty iberip, Agente ýüz tutmaga haklydyr.

3.14. Şahsy Kabinete girişiň, Söwda Hyzmatdaşyň Awtorizasiýanyň usullary Söwda Hyzmatdaşa hiç hili ýörite habar bermezden birtaraplaýyn tertopde islendik wagt Agent tarapyndan üýtgedilip, ýatyrylyp ýa-da üsti doldurylyp bilner.

3.15. Agent hiç hili sebäpleri düşündirmezden Saýtda Söwda Hyzmatdaşyň bellige alyşyny terk etmäge hukugy özünde saklaýar.

4.1. Agent şulara borçlanýar:

4.1.1. Harytlary satyn almak, satmak, şeýle hem Sargyt etmek maksady bilen Söwda Hyzmatdaşyň we Satyn alyjylaryň özara işini guramak.

4.1.2. Saýtyň tehniki guratlygyny üpjün etmek, şu Şertnamanyň şertlerini berjaý etmek.

4.1.3. Söwda Hyzmatdaşyň Harydy üçin Satyn alyjylar tarapyndan tölenilen pul serişdeleriň kabul edilmegini guramak.

4.1.4. Söwda Hyzmatdaşa barmaly pul serişdeleriň hasabyny ýöretmek.

4.1.5. Şu Şertnamanyň 5-nji bölüminde kesgitlenilen teripde Satyn alyjydan alnan pul serişdeleri Agent Sylaglamany aýyrmak, şeýle hem Harydy eltmegiň bahalaryny (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaş tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahs tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we Agente degişli başga möçberleri aýyrmak bilen Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek.

4.1.6. Harydyň Söwda Hyzmatdaşdan Satyn alyja eltmesini üpjün etmek (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaş tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahslar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa).

4.1.7. Eger Satyn alyjy islendik sebäpden Harydy terk eden bolsa (hususan, ýaramly hilli Harydyň gaýtarmasyny amala aşyrdy, Söwda Hyzmatdaş tarapyndan bellenilen möhletde Harydy geçirmek borçnamasyny bozan halatynda satyn almak-satmak şertnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyran bolsa) Söwda Hyzmatdaşyň hasabyna Satyn alyjydan Harydy Söwda Hyzmatadaşa eltmesini üpjün etmek (eger Harydyň bu eltmesi Söwda Hyzmatdaş we özbaşdak Satyn alyjy tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji tarap tarapyndan amala aşyrylýan bolsa).

4.1.8. Her gün Saýtda Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetiniň üsti bilen Söwda Hyzmatdaşa Agent Satyn alyjylardan kabul eden Sargytlar hakynda habarnamany ugratmak (şonda, Söwda Hyzmatdaş Şahsy Kabintede Agentden munuň ýaly habarnamany alandan soň 1 (bir) sagadyň içinde habarnamada görkezilen Harydyň geljekde Satyn alyja geçirmek üçin ibermäge taýyndygyny tassyklamaly).

4.1.9. Söwda Hyzmatdaşlaryň maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny saklamak.

4.1.10. Söwda Hyzmatdaşa şu Şertnamanyň 6-njy bölümine laýyklykda hasabatlary (şu Şertnamanyň 3-nji Goşundyny gör), şeýle hem edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-tabşyrmak delilnamalary (şu Şertnamanyň 2-nji Goşundyny gör) ibermek.

4.1.11. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan bellenilen möhletde Satyn alyja Harydy geçirmäge borçnamasynyň bozulmagy sebäpli Satyn alyjy satyn almak-stamak şertnamasyny terk eden halatynda Haryt Söwda Hyzmatdaşa gaýtarylýar. Şonda Söwda Hyzmatdaş Agente onuň tarapyndan çekilen ýitgileri (şol sanda Agent Satyn alyja gaýtarmaga mejbur bolan möçberleri) gaýtarmalydyr.

4.1.12. Eger Söwda Hyzmatdaş muny özi etmedik bolsa, Söwda Hyzmatdaş tarapyndan üpjün edilen maglumatyň esasynda Söwda Hyzmatdaşyň Marketpleýsinde onuň doly kärhana ady (ady) hakynda, onuň ýerleşýän ýeri (salgysy) hakynda, onuň iş düzgüni hakynda, onuň bellige alyş maglumatlary hakynda maglumaty(edara görnüşli tarap bolan Söwda Hyzmatdaşy üçin), onuň familýasyny, adyny, atasynyň adyny (bar bolsa) we onuň bellige alyş maglumatlary (hususy telekeçi bolan Söwda Hyzmatdaşy üçin), şeýle hem Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agente habarly edilen görkezilen maglumatdaky üýtgeşmeleri ýerleşdirmek.

4.2. Agentiň şulara hukuklary bar:

4.2.1 Öz islegi boýunça Söwda Hyzmatdaşyň razylygy bolmazdan Söwda Hyzmatdaşyň adyndan ýa-da öz adyndan üçünji taraplar bilen Subagentlik we şu Şertnamany ýerine ýetirmek bilen baglanşykly gaýry şertnamalary baglaşmak.

4.2.2. Söwdä Hyzmatdaşyň Marketpleýsda satýan harydynyň islendik (doly, her taraply) maglumatyny sorap bilýär.
4.2.3. Satyn alyjy tarapyndan Saýtda satyn alynýan Haryt üçin öňünden töleg edilen halatynda Satyn alyjy tarapyndan Harydy alan pursadyna çenli ony Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaryna geçirmän, görkezilen möçberi saklamak.

4.2.4. Taraplara bagly bolmadyk, Agentiň pikiriçe Agent we/ýa-da Satyn alyjylar üçin ähmiýetli ýitgileri döredip bilýän ýagdaýlar dörän halatynda (şonda ýitgileriň ähmiýetli bolmagy hakynda karar Söwda Hyzmatdaşyň pikirini hasaba almazdan ýeke-täk Agent tarapyndan kabul edilýär), bu ýagdaýlaryň hereket edýän möhletine Söwda Hyzmatdaşyň Saýtyň Serwislerine girişi togtatmak. Şonda Söwda Hyzmatdaşyň Harytlarynyň satylmagynyň netijesinde alnan pul serişdeleriň Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek boýunça Agentiň borçnamalary öz güýjüni saklaýar.

4.2.5. Harytlar satylanda Söwda Hyzmatdaş tarapyndan mümkin bolan hukuk bozulma anyklanylanda ýa-da Söwda Hyzmatdaş tarapyndan şu Şertnamanyň şertleri bozulanda Agentiň şulara hukugy bardyr:

● Eger Söwda Hyzmatdaşyň Sargytlar boýunça, şeýle hem pul serişdeleri Satyn alyjylara gaýtarmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilmedik bolsa, Söwda Hyzmatdaşyň Marketpleýsinde Harydy Sargyt etmek mümkinçiligi, Bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçilikleri togtatmak, Saýtyň başga Serwislerine girişi çäklendirmek.

● Söwda Hyzmatdaşy “gara sanawa” salmak we Söwda Hyzmatdaş bilen hyzmatdaşlygy we Saýtda gaýtadan Bellige durmakda terk etmek;

● Söwda Hyzmatdaş tarapyndan göýberilen bozulma anyklanylmagyna degişli Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň arasyndaky gepleşikler geçirilen döwründe Söwda Hyzmatdaşyň onuň Şahsy Kabinetine we/ýa-da Saýtyň gaýry Serwislerine girişi çäklendirmek;

●  Hyzmatdaş bilen hasaplaşyklary togtatmak we Söwda Hyzmatdaşa degişli pul serişdeleriň doly möçberini ýa-da möçberiniň bölegini saklamak (bu hukuk eger Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agentiň çekjek ýitgileri ýa-da Agentiň jogapkärçilige çekilmegine, ýa-da Agente islendik çykdajylaryň ýüklenilmegine ýa-da Agent üçin gaýry ýaramaz emläk netijelere getiren ýa-da (Agentiň pikiriçe) geitirp biljek ýa-da kanunçylygyň bozulmagy, ýa-da şu Şertnamanyň Söwda Hyzmatdaşyň bozulmasy halatynda Agent tarapyndan ulanylýar). Şonda, Söwda Hyzmatdaşa degişli bolan pul serişdeleri öz islegi boýunça şu aşakdaky ýagdaýda saklamaga haklydyr: 
(1) ýa-da Söwda Hyzmatdaşyň we Agentiň arasyndaky düşünşmezlik düzgünleşdirilýänçä; 
(2) ýa-da Agent ýokarda bellenilen ýitgileri çekmegiň töwekgelçiligi, ýa-da Agenti ýokarda bellenilen jogapkärçilige çekilmegiň töwekgelçiligi, ýa-da Agente ýokarda bellenilen çykdajylar ýüklenilmegiň töwekgelçiligi, ýa-da ýokarda bellenilen gaýry ýaramaz emläk netijeleriň töwekgelçiligi ýitýänçä; 
(3) ýa-da saklanylýan möçberden Agent onda dörän ýokarda görkezilen ýitgileriň, Agentiň jogapkärçilige çekilmeginiň ýa-da Agent üçin gaýry ýaramaz emläk netijeleriň öwezini doldurýança.

4.2.6. Eger Şahsy Kabinet yzly-yzyna 2 (iki) senenama aýlardan artyk Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan ulanylmadyk bolsa onuň razylygy we habary bolmazdan Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetini birtaraplaýyn tertipde ýok etmek.

4.2.7. Söwda Hyzmatdaş bilen hasaplaşyklaryň hasabyna Satyn alyjydan alnan möçberlerden öz Agentlik Sylaglamasyny we Agente degişli bolan gaýry möçberleri (şu Şertnamanyň 5-nji b. laýyklykda) saklamak (akseptsiz tertipde ýazgydan çykarmak).

4.2.8. Söwda Hyzmatdaşa göwrümi, möhletleri we etmegiň gaýry şertleri Söwda Hyzmatdaşyň we Agentiň arasynda goşmaça ylalaşyljak goşmaça Hyzmatlary etmek.

4.2.9. Bahasy Satyn alyja hökmany ýagdaýda habar bermek bilen satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylan pursatda Satyn alyjy tarapyndan tölenilýän (eger Satyn alyjynyň we Agentiň arasynda başgaça ylalaşylmadyk bolsa) Satyn alyja goşmaça hyzmatlary etmek. Munuň ýaly hyzmatlar Agent tarapyndan öz adyndan özbaşdak edilýär we Söwda Hyzmatdaşyň tabşyrygy bolup durmaýar.

4.2.10. Eger bu Söwda Hyzmatdaşyň bähbitleri üçin zerur bolsa we Agent Söwda Hyzmatdaşyň oňa rugsady deslapdan sorap bilmedik, ýa-da degişli talabyň iberilenden soň 3 (üç) iş günüň dowamynda munuň ýaly talaba jogaby almadyk bolsa Söwda Hyzmatdaşyň görkezmelerini bozmak.

4.2.11. Eger Söwda Hyzmatdaş Sargydy özbaşdak ýapmadyk halatlarda, Satyn alyjy tarapyndan Saýtdaky resmileşdirilen Sargydy ýapmak, şonda ýa-da Satyn alyjydan alnan Harydyň eltmesiniň tassyknamasy bolmaly, ýa-da satyn alnan Harydyň Satyn alyja geçirilmegi hakynda eltme (çapar) gullugyndan tassyknama bolmaly, ýa-da özi çykaryş nokadynda Harydyň Satyn alyjy tarapyndan alynmagyň tassyknamasy bolmalydyr. Ýokarda görkezilen ýagdaýlarda Sargyt ýokarda bellenilen tassyknamalaryň biri Agent tarapyndan alnan pursadyndan 24 (ýigrimi dört) sagadyň dowamynda Agent tarapyndan ýapylýar.

4.2.12. Söwda Hyzmatdaşa deslapdan habar bermek, hem habar bermezden, dowamlylygy 24 (ýigrimi dört) sagatdan artyk bolmadyk, öz pikiri boýunça islendik wagt zerur bolan öňüni alyş ýa-da gaýry işleri geçirmek.

4.2.13. Eger Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetiniň dolandyryşyny amala aşyrýan Ulanyjynyň bloklanmagy, onuň logini we parolyny ulanmakda togtatma we/ýa-da terk etme, şeýle hem Şahsy Kabineti ulanmaga, Serwisleri girişine we Şahsy Kabinetiň gaýry mümkinçiliklerine gadaganlyk bolsa, eger Söwda Hyzmatdaşyň Sargytlar, şeýle hem Satyn alyjylara pul serişdeleri gaýtarmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilen bolsa, Söwda Hyzmatdaşda resmileşdirilen Sargytlary ýatyrmak we Söwda Hyzmatdaşa Saýtyň Serwisine girişi üpjün etmegi terk etmek we bu Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetini ýoke tmek ýa-da eger Söwda Hyzmatdaşyň Sargytlar, şeýle hem Satyn alyjylara pul serişdeleri gaýtarmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilmedik bolsa, Söwda Hyzmatdaşyň Marketpleýsinde Harydy Sargyt etmek mümkinçiligi, Bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi wagtlaýyn togtatmak, Saýtyň başga Serwislerine girişi çäklendirmek.
4.3. Söwda agenti şulara borçlanýar:

4.3.1. Şu Şertnamada bellenilen möçberde we tertipde Agente Agentlik Sylaglamany we Agente degişli bolan başga möçberleri öz wagtynda we doly tölemek.

4.3.2. Agente şu Şertnama boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin ynamly we oňa gerek bolan ähli maglumaty bermek.

4.3.3. Agentden adegişli habarnamany alan pursadyndan 1 (bir) sagatdan gijä galman Agent tarapyndan habarnamada görkezilen Harydy Satyn alyja eltmäge taýýarlamak, şeýle hem Şahsy Kabinetde Harydyň eltmä taýýarlygy hakynda Agente habar bermek (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaş tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahlar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa).

4.3.4. Söwda Hyzmatdaş Agent Söwda Hyzmatdaşyň öňünde onuň ýitgileri ýa-da olaryň döremegiň töwekgelçiligi üçin, şeýle hem bozulmalaryň, ýitgileriň islendik görnüşiniň (şol sanda göni, gytaklaýyn, geljekki, jerime we başga gaýry ýitgiler we çykdajylar, işiň aýratyn ýagdaýlary bilen kesgitlenilýän hakyky ýitgiler we ş.m.), şikaýatyň, talaplaryň, çykdajylaryň (şol sanda kazyýet çykdajylary) döremegi ýa-da döremek töwekgelçiligi üçin jogapkärçiligi, şol sanda Agentiň Söwda Hyzmatdaşyň öňünde oňa ýüklenilen hem şu Şertnama bilen baglanşykly, hem baglanşykly bolmadyk (göni ýa-da gytaklaýyn) islendik jerimeler, puşmana tölegler, gaýry sanksiýalar üçin jogapkärçiligi çekmeýänligi bilen razylaşýar.

4.3.5. Degişli ýagdaý dörän gününinden 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda, habarlaşmak üçin öz maglumatlarynyň islendik üýtgeşmeleri hakynda ýa-da öz işiniň doly ýatyrylýandygy barada Agente habar bermek.

4.3.6. Intellektual eýeçiligiň desgalaryna üçünji şahslaryň bolan hukuklaryny bozup bilýän maglumaty Saýtda ýerleşdirmezlik.

4.3.7. Agente gerekli möçberde Satyn alyjylaryň hersi boýunça ýa-da her satyn almak-satmak şertnamasy boýunça Söwda Hyzmatdaş tarapyndan hakyky ýerleşdirilen Harytlar hakynda maglumaty Agente üpjün etmek (görkezilen maglumat Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agentden degişli talaby alandan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda Agente üpjün edilýär, şeýle hem eger ýa-da Satyn alyjydan Harydyň eltmesiniň tassyknama bar bolsa, ýa-da satyn alnan Harydyň Satyn alyja geçirilmegi hakynda eltme (çapar) gullugyndan tassyknama bar bolsa, ýa-da özi alyş nokadynda Satyn alyjynyň Harydy almagy hakynda tassyknama bar bolsa Saýtda Satyn alyjy tarapyndan resmileşdirilen Sargydy ýapmak (ýokarda görkezilen ýagdaýlarda Sargyt Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan ýokarda görkezilen tassyknamalaryň birini alandan soň 24 (ýigrimi dört) sagadyň dowamynda ýapylýar.

4.3.8. Satyn almak-satmak şertnamasy boýunça Satyn alyjylaryň öňündäki borçnamalary özbaşdak we ýaramly görnüşde ýerine ýetirmek, şeýle hem bu borçnamalar bilen baglanşykly Satyn alyjylaryň islendik şikaýatlary, şol sanda Harytlaryň hili we kepillikler boýunça şikaýatlary özbaşdak düzgünleşdirýär (Söwda Hyzmatdaşyň Satyn alyjy bilen özara aragatnaşyklaryň şertlerine başgalara goşmaça Saýtda ýerleşdirilen Ulanyjy Ylalaşygyň şertlerini ulanýar).

4.3.9. Hususan, Harydyň hiline, şeýle hem sarp edijileriň hukuklaryny berjaý etmäge degişli böleginde ulanylýan kanunçylygyň, şeýle hem başga döwletleriň kanunçylygynyň we halkara hukugyň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmek (başga döwletleriň kanunçylygy we halkara hukugyň kadalary ulanmagyň zerurlygy bolanda). Söwda Hyzmatdaş tarapyndan ýokarda görkezilen şertleriň berjaý edilmezligi halatynda Söwda Hyzmatdaş munuň bilen baglylykda Agentde ýüze çykan ýitgileriň, şeýle hem Söwda Hyzmatdaşyň ulanylýan kanunçylygyň (şol sanda başga döwletleriň ulanylýan kanunçylygyň we halkara hukugyň kadalarynyň) talaplaryny berjaý edilmezligi bilen ýetirilen abraý zyýanyň öwezini doldurmaga borçlanýar.

4.3.10. Satyn alyja ýokary hilli Harydy üpjün etmek. Şol sanda hem Harydyň ýaramlylyk möhleti ýa-da Haryda kepillikleri üpjün etmek hakynda maglumaty Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Satyn alyja Haryt berilende üpjün edilmelidir.

4.3.11. Haryt babatynda kepillik borçnamalary ýerine ýetirmek zerur bolan ýagdaýlar dörän halatynda Söwda Hyzmatdaş derrew Harydyň kemçilikleriniň (defektleriniň) aradan aýrylmagyny amala aşyrýar ýa-da Harydy çalyşýar. Mundan soň Söwda Hyzmatdaş Satyn alyjy bilen ýerine ýetirilen işleriň degişli delilnamasyna gol çekýär we Harydyň öndüriji ýa-da taýýarlaýjy tarapyndan bellenilen möhletlere ýa-da ulanylýan kanunçylyga laýyklykda Haryda kepilligi üpjün edýär.

4.3.12. Marketpleýsde we Bildirişlerde Harydyň esasy sarp ediji häsiýetleri hakynda, Söwda Hyzmatdaşyň doly kärhana ady hakynda, Söwda Hyzmatdaşyň ýerleşýän ýeri, onuň iş düzgüni hakynda, edara görnüşli tarap bolan Söwda Hyzmatdaşy döretmek hakynda ýazgynyň döwlet bellige alyş belgisi hakynda (edara görnüşli tarap bolan Söwda Hyzmatdaş üçin), familiýasy, ady, atasynyň ady hakynda we hususy telekeçi bolan Söwda Hyzmatdaş hökmünde fiziki şahsyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda ýazgynyň esasy döwlet bellige alyş belgisi hakynda (hususy telekeçi bolan Söwda Hyzmatdaş üçin), Harydyň öndürilen ýeri hakynda, bahasy hakynda we onuň eltmesi, hyzmat möhleti, ýaramlylyk möhleti we kepillik möhleti hakynda, Harydy tölemegiň tertibi hakynda, şeýle hem Harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak hakynda hödürnama hereket edýän möhleti hakynda derwaýys we ygtybarly maglumatlary görkezmek.

4.3.13. Bildirişde hödürlenilen Harydy satyn almaga islegi bildiren islendik şahs bilen satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak (Satyn alyjy tarapyndan görkezilen salgy boýunça Harydy eltmek borçnamasy bilen ýa-da Harydy eltmek borçnamasy bolmazdan). Şonda Harydyň Satyn alyjy tarapyndan görkezilen salgy boýunça eltmegiň bahasy Sargydy resmileşdirmegiň dowamynda hasaplanylýar (Satyn alyjy tarapyndan görkezilen eltmegiň salgysyndan ugur alyp) we munuň ýaly Satyn alyjy tarapyndan Harydyň bahasynyň üstünden tölenilýär.

4.3.14. Hyzmatlar ulanylanda, şol sanda Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Agentiň salgysyna arzalar, habarnamalar we gaýry resminamalar we maglumat ugradylanda Söwda Hyzmatdaşy Şertnamanyň Taraby hökmünde identifikasiýasy üçin gerekli maglumatyň we resminamalaryň Agente berilmegi babatynda şu Şertnamanyň talaplaryny berjaý etmek.

4.3.15. Eger Söwda Hyzmatdaşyň işi we/ýa-da Haryt ygtyýarlandyrmaga we/ýa-da hökmany sertifikatlaşdyrma degişli bolsa, degişli Bildirişi ýerleşdirmegiň başyndan 2 (iki) iş gün öňünden, şeýle hem munuň ýaly Bildiriş ýerleşdirilenden soň – Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agentden degişli talaby alan gününden 1 (bir) iş günüň dowamynda degişli ygtyýarnamalaryň we/ýa-da şahadatnamalaryň ýaramly kepillendirilen nusgalary Agente üpjün etmek.

4.3.16. Tehniki talaplary boýunça degişli hünärmenleriň gatnaşmazdan işletmä göýberilip bolmaýan tehniki taýdan çylşyrymly Harytlaryň birikdirilişi, sazlanmagy we işletmä göýberilmegi boýunça hünär derejeli hünärmenleri ulanmagyň zerurlygy hakynda Satyn alyja habar bermek.

4.3.17. Maglumatlara üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilen halatlarda şu Şertnamanyň 4.3.12 b. görkezilen derwaýys we ygtybarly maglumaty derrew Marketpleýse ýerleşdirmek (degişli maglumat çalşylandan soň indiki iş gününden gijä galman).

4.3.18. Şu Şertnamanyň 4.3.17 b. görkezilen maglumata üýtgetmeler ýa-da goşmaçlar girizilen günden 1 (bir) iş günüň dowamynda ýa-da Şahsy Kabinetiň üsti bilen, ýa-da şu Şertnamanyň 14-nji bölüminde görkezilen Agentiň elektron poçtasynyň salgysyna degişli haty ibermegiň üsti bilen bu üýtgetmeler we/ýa-da goşmaçalar hakynda Agente habar bermek.

4.3.19. Şu Şertnama boýunça Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa geçirilen möçberlerden ähli gerekli salgytlary özbaşdak tölemek.

4.3.20. Agentiň talaby boýunça Söwda Hyzmatdaş tarapyndan bellenilen senede we wagtda Çäreleri geçirmegiň kanuna laýyklygyny we kepilliklerini tassyklaýan ähli resminamalary we maglumaty oňa derrew üpjün etmek.

4.3.21. Eger talap Çäräni geçirmegiň senesine çenli Söwda Hyzmatdaş tarapyndan kabul edilen bolsa Satyn alyjynyň talaby boýunça Saýtyň üsti bilen satylan Kuponlaryň doly möçberini Satyn alyja gaýtarmak.

4.3.22. Satyn alyjynyň talaby boýunça, satyn alynan harydyň bahasynyň doly yzyna gaýtarylmagy üçin, Söwda hyzmatdaşyna Satyn alyjy, harydy satyn alandan soňra, 24 sagadyň dowamynda ýüz tutmaly. Saýtyň üsti bilen satylan harydyň hili gowy, gaplanylyşy saklanan ýagdaýynda, doly bahasyny Satyn alyja gaýtarylýar.

4.3.23. Söwda Hyzmatdaş Saýtyň Serwisiniň, Şahsy Kabinetiň çäklerinde, şol sanda nagt däl tölegi boýunça ähli hereketler Söwda Hyzmatdaş tarapyndan amala aşyrylan diýlip hasaplanjagyny düşünýär we razylaşýar.

4.4. Söwda agentiniň şulara hukuklary bardyr:

4.4.1. Şahsy Kabinetiň üsti bilen agentiň tehniki we başga islendik işine gatyşman, şu Şertnamanyň çäklerinde Agent tarapyndan amala aşyrylýan onuň hereketlerine gözegçilik etmek.

4.4.2. Söwda Hyzmatdaşyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hakynda Agentiň hasabatlaryny almak (şu Şertnamanyň 3-nji Goşundyny gör).

4.4.3. Agent Sylaglamany aýyrmak bilen, şeýle hem Harydy etlmegiň bahasyny (eger Harydyň eltmesi Söwda Hyzmatdaş tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji taraplar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa) we Agente degişli başga möçberleri aýyrmak bilen Söwda Hyzmatdaşa degişli möçberleri öz hasaplaşyk hasabyna almak.

4.4.4. Öz Şahsy Kabinetinde öz Harydy boýunça maglumaty üýtgetmek we täzelemek we degişli materiallary (wideo, audio, surat) goşmak.

4.4.5. Şahsy Kabinetde Satyn alyjylaryň Sargytlaryny seretmek.

4.4.6. Satyn alyja degişli hili bolan Haryt geçirilenden ir däl ýagdaýda Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan görkezilen rekwizitler boýunça pul serişdeleri almak.

4.4.7. Şahsy Kabinetde, şeýle hem goýulan rekwizitler boýunça amala aşyrylan we resmileşdirilen Sargytlar boýunça gerekli resminamalary almak.

4.4.8. Serwisi ulanmagyň meseleleri boýunça Agente ýüz tutmak, şeýle hem şu Şertnamanyň 14-nji bölüminde görkezilen rekwizitler boýunça ýa-da Şahsy Kabinetde özara aragatnaşygyň görnüşiniň üsti bilen Agente seretmek üçin Satyn alyjylara, başga Söwda Hyzmatdaşlara arzalary ugratmak.

4.4.9. Satyn alyjy bilen satyn almak-satmak şertnamasynyň kanuna garşy ýatyrylyşy halatynda, Söwda Hyzmatdaşy Satyn alyjynyň öňünde özbaşdak, şol sanda sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda kanunçylygy boýunça jogapkärçiligi çekýär. Mundan başga, Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Satyn alyjy bilen satyn almak-satmak şertnamasy kanuna garşy bozulmasy halatynda Agent Söwda Hyzmatdaşa duýduryşy bermäge, şeýle hem şu Şertnamanyň 4.2.5 b. laýyklykda çäreleri görmäge haklydyr.

4.4.10. Eger şu Şertnama, kanun ýa-da Agentiň karary bilen başgaça bellenilmedik bolsa çäklendirmesiz Serwisiň başga elýeter funksionalyny ulanmak.

5.1. Söwda Hyzmatdaşy Agente Söwda Hyzmatdaşyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Agentlik Sylaglamany (onuň möçberi şu Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýan 1-nji Goşundyda ýerleşdirilen Harytlaryň bahasyndan göterimlerinde bellenilýär), şeýle hem Agente degişli başga tölegleri töleýär. Eger bu ulanylýan kanunçylyga garşy gelmeýän bolsa, Agent takyk Söwda Hyzmatdaşy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Agentlik Sylaglamanyň başga ululygyny bellemäge hukugy özünde saklaýar.

5.1.1. Söwda Hyzmatdaş ähli Harytlara ýa-da Harytlaryň bölegine ýokarlanan Agentlik Sylaglamany bellemäge haklydyr. Ýokarlanan Agentlik Sylaglamasy Saýtda Söwda Hyzmatdaşyň Harytlaryna we/ýa-da Kuponlaryna Satyn alyjylary çekmek boýunça mahabat işi üçin Agentiň marketing hyzmatlarynyň tölegine gidýär, Hasabat döwründe Söwda Hyzmatdaşdan amala aşyrylan Sargytlardan şu Şertnamanyň 1-nji Goşundyda görkezilen Agentlik Sylaglamanyň üstüne bellenilýär we sazlamalar (/settings) bölüminde Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy kabinetinde görkezilýär. Eger şu Şertnamanyň tekstinde başgaça görkezilmedik bolsa, şu Şertnamanyň ähli şertleri ýokarlanan Agentlik Sylaglamasyna ulanylýar.

5.2. Agent oňa degişli bolan Agentlik Sylaglamany, şeýle hem Agente degişli bolan başga möçberleri Söwda Hyzmatdaşa geçirmäge degişli möçberden saklaýar (akseptsiz tertipde hasapdan çykarýar). Şu Şertnama boýunça Taraplaryň borçnamalaryň ýerine ýetirilişi şeýle hem özara talaplary hasabyň üsti bilen amala aşyrylyp bilner.

5.2.1. Agent Söwda Hyzmatdaşyň razylygy bilen şu Şertnamanyň 5.2 b. görkezilen möçberlerden başga şeýl hem eltilýän Harydyň gabaritleriniň üýtgemegi we eltmäniň bahasynyň artmagy bolup geçende Satyn alyjy üçin eltmegiň ilkibaşdaky bahasynyň we eltmegiň jemleýji bahasynyň arasyndaky tapawudy bolup durýan Satyn alyja Söwda Hyzmatdaşyň Harydy eltmegi amala aşyrmak üçin möçberi saklaýar (munuň ýaly eltme Agent tarapyndan amala aşyrylanda).

5.3. Agentiň hasaplaşyk hasabyndan Söwda Hyzmatdaşyň salgysyna degişli möçberiň hasapdan çykarylmagyň pursady Agentiň Söwda Hyzmatdaşa pul serişdeleri geçirmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilen pursady hasaplanylýar.

5.4. Agent tarapyndan pul serişdeleriň geçirilişi Agente ýazmaça görnüşde ýa-da Agent üçin başga ýaramly görnüşde habar eden Söwda Hyzmatdaşyň bank rekwizitleri boýunça amala aşyrylýar. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Agente öz bank hasabynyň rekwizitleriniň ýetirilmegi Söwda Hyzmatdaşyň borçnamasy bolup durýandyr. Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşdan onuň bank hasabynyň rekwizitleri alynýança Agent Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna pul serişdeleri geçirmeýär. Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşdan onuň bank rekwizitleriniň Agent tarapyndan pul serişdeleri geçirmegi amala aşyrmak üçin alynmazlygy ýa-da öz wagtynda bolmadyk alynmagy bilen baglanşykly pul serişdeleriň Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna pul serişdeleriň geçirmezligi saklama, möhletden geçme ýa-da Agentiň Söwda Hyzmatdaşyň öňündäki borçnamalaryň ýaramsyz ýerine ýetiriş bolup hasap edilmeýär.

5.5. Agentiň Söwda Hyzmatdaşa pul serişdeleri geçirmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişi Taraplaryň ylalaşygy boýunça islendik mümkin usul bilen guralyp bilner.

5.6. Agent Söwda Hyzmatdaş tarapyndan onuň Şahsy Kabinetinde Agente hasaby beren gününden 10 (on) iş günüň dowamynda Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleriň geçirilişini amala aşyrýar (Agentlik Sylaglamany we Agente degişli gaýry möçberleri aýyrmak bilen).

5.7. Agnet Söwda Hyzmatdaşyň Şahsy Kabinetinde Söwda Hyzmatdaşa pul serişdeleriň herketi hakynda maglumaty berýär.

5.8. Taraplar şu Şertnama boýunça öz borçlarynyň Taraplar tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda Taraplaryň her biri tarapyndan alnan möçberlerde salgytlary özbaşdak töleýärler.

5.9. Islendik pursatda Agentiň hasaplaşyk hasabyna degişli pul möçberini geçirip Söwda Hyzmatdaşy Şahsy Kabinetinde öz hasabyny dolduryp bilýär.

5.10. Eger Söwda Hyzmatdaş Satyn alyjynyň öňünde öz borçnamalary ýerine ýetirmek bolsa we muňa baglylykda Agent pul serişdeleri Satyn alyja gaýtarmak hakynda karary kabul eden bolsa, Söwda Hyzmatdaşy Agentden pul serişdeleriň alynmagyny sorap bilmeýär. Agentiň munuň ýaly karary Söwda Hyzmatdaş tarapyndan jedel edilmeýär we kanuny hasaplanylýar.

5.11. Söwda Hyzmatdaşyň oňa degişli pul serişdeleri Agent tarapyndan geçirmek üçin üçünji şahsyň rekwizitlerini görkezmäge hukugy ýokdur.

5.12. Eger şu Şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa (şu Şertnamanyň 5.17 b.), Agent pul serişdeleri diňe Agentiň döwletinde – ýerleşýän ýerinde bolan Söwda Hyzmatdaşyň – Tölegi alyjynyň bank hasaplaryna geçirýär.

5.13. Söwda Hyzmatdaş Agente onuň tarapyndan ulanylýan kanunçylygyň, halkara töleg ulgamlarynyň düzgünleriniň bozulmagy, ýalan ýa-da gaýry bikanun hereketleri amala aşyrmagy üçin Agentden töleg ulgamlar (karz edaralary) tarapyndan alnan pul serişdeleriň öwezini tutmalydyr. Agent Söwda Hyzmatdaşa degişli möçberlerden degişli möçberleri birtaraplaýyn tertipde alyp bilýär. Eger Satyn alyjylardan alnan pul serişdeler Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyndan ýokarda görkezilen möçberleri saklamak (akseptsiz tertipde hasapdan çykarmak) üçin ýeterliksiz bolsa, Söwda Hyzmatdaşy Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyna degişli hasap berilen gününden 5 (bäş) iş günüň dowamynda ýetmeýän möçberleri doly töleýär. Munda munuň ýaly hasap Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa Şahsy Kabinetiň üsti bilen berilýär.

5.14. Eger Tölegiň alyjysy Agentiň ýurdunyň – ýerşeýän ýerini dahylly bolmadyk Söwda Hyzmatdaşy bolup durýan bolsa, Agent bu Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna geçirmäge degişli pul serişdelerden goşmaça möçberleri (salgytlary, ýygymlary, paçlary, komissiýalary, gaýry möçberleri) saklamaga (akseptsiz tertipde hasapdan çykarmaga) hukugy özünde saklaýar. Şonda Söwda Hyzmatdaş bu Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna geçirmäge degişli pul serişdelerden ýokarda görkezilen möçberleri saklamagyň (akseptsiz tertipde hasapdan çykarmagyň) zerurlygy hakynda Agente ýazmaça habar bermeli. Munuň ýaly habarnama Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Saýtda özara aragatnaşyk görnüşiniň üsti bilen amala aşyrylýar.

5.15. Kuponlary ýerleşdirmegiň dowamynda alnan pul serişdeleriň gaýtarylmagy Saýtda Satyn alyjynyň Şahsy Kabinetiniň kömegi bilen resmileşdirilen Satyn alyjynyň degişli talabynyň esasynda özbaşdak Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan amala aşyrylýar.

5.16. Eger Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna pul serişdeleriň geçirilişini guramak üçin Agente (ýa-da Agentiň bankyna, ýa-da korrespondent banka, pul serişdeleriň geçirilişine gatnaşýan islendik başga banka, ýa-da töleg prosesine gatnaşýan gaýry guramalara, şeýle hem döwlet ýa-da munisipal edarasyna ýa-da Söwda Hyzmatdaşyna ýa-da Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyna pul serişdeleri geçirmegiň guramasy hakynda maglumaty we/ýa-da resminamalary soramaga ygtyýarlandyrylan başda gurama – olaryň ählisi şu Şertnamanyň teksti boýunça bilelikde “Hasaplaşyklaryň Gatnaşyjylary”, aýratynlykda “Hasaplaşyklaryň Gatnaşyjysy”) maglumat we/ýa-da resminamalar talap edilse, Agent we/ýa-da Hasaplaşyklaryň Gatnaşyjylary Söwda Hyzmatdaşyndan bu maglumaty we/ýa-da resminamalary soramaga haklydyr, Söwda Hyzmatdaşy bolsa Agente we/ýa-da Hasaplaşyklaryň Gatnaşyjylaryna Agent we/ýa-da Hasaplaşyklaryň gatnaşyjylaryň görkezien görnüşde, olaryň görkezen usul bilen we olaryň görkezen möhletde bu maglumaty we/ýa-da resminamalary bermäge borçludyr. Agent we/ýa-da Hasaplaşyklaryň Gatnaşyjysy tarapyndan Söwda Hyzmatdaşdan onuň bank rekwizitleriniň Agent we/ýa-da Hasaplaşyklaryň Gantaşyjylary tarapyndan pul serişdeleri geçirmegi amala aşyrmak üçin alynmazlygy ýa-da öz wagtynda bolmadyk alynmagy bilen baglanşykly pul serişdeleriň Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna pul serişdeleriň geçirmezligi saklama, möhletden geçme ýa-da Agentiň Söwda Hyzmatdaşyň öňündäki borçnamalaryň ýaramsyz ýerine ýetiriş bolup hasap edilmeýär.

5.17. Agent tarapyndan dahylly däl Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna pul serişdeleriň geçirilişi guralanda:

- Agent öz bankyna dahylly däl Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna Söwda Hyzmatdaş onuň bellige alnan döwletinde ýerleşýän bank hasabyna bu döwletiň milli pulunda pul serişdeleri almaga mümkinçiligiň barlyk şerti bilen pul serişdeleri geçirmek hakynda tabşyrygy öz bankyna berýär (eger Agentiň we dahylly däl Söwda Hyzmatdaşynyň arasynda başgaça ylalaşylmadyk bolsa);

- Agent tarapyndan dahylly däl Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna Agent tarapyndan geçirmegiň bilen baglanşykly ýokary setirde görkerizlen görkezilen ähli çykdajylar (salgytlar, ýygymlar, paçlar, komissiýalar, gaýry çykdajylar, şol sanda Türkmenistanyň manatlarynda beýan edilen möçberi Dahylly däl Söwda Hyzmatdaşyň milli walýutasyna konwertasiýa üçin çykdajylar, geçiriş üçin çykdajylar, şeýle hem islendik gaýry bank we bank däl komissiýalar we meňzeş çykdajylar) pul serişdeleriň kabul edijisine – Dahylly däl Söwda hyzmatdaşa ýüklenilýär (şol sanda Agent tarapyndan Dahylly däl Söwda Hyzmatdaşyň peýdasyna geçirilýän pul serişdelerden munuň ýaly çykdajylary saklamagyň üsti bilen).

5.18. Fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşa degişli möçberleri geçirmegiň şertleri:

5.18.1. Degişli möçberleri almak üçin fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşy HK Agentiň ikinokat@mail.ru elektron poçtasyna Agentlik Sylaglamany, geçiriş üçin Komissiýany we Agente degişli gaýry möçberleri (şu Şertnamanyň 4-nji Goşundysyny gör) aýyrmak bilen pul serişdeleri geçirmek hakynda arza bilen ýa-da eger Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan rugsat berilýän bolsa Agentlik Sylaglamany we Agente degişli gaýry möçberleri aýyrmak bilen (Şu Şertnamanyň 5-nji Goşundysyny gör) pul serişdeleri coin-balansa geçirmek hakynda arza bilen talaby iberýär.

5.18.2. Agent oňa arza ugradylan gününden 5 (bäş) iş günüň dowamynda arzada görkezilen rekwizitlere pul serişdeleriň geçirilişini amala aşyrýar (Agentlik Sylaglamany, geçiriş üçin Komissiýany (eger ulanylýan bolsa) we Agente degişli gaýry möçberleri aýyrmak bilen).

5.18.3. Eger fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşyň Agent bilen gaýry şertnama gatnaşyklary bolmasa pul serişdeleriň geçirilişi diňe fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşyň bank kartyna mümkindir. Fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşynda oňa degişli pul serişdeleri Agent tarapyndan geçirmek üçin üçünji şahsyň rekwizitleri görkezmäge hukugy ýokdur.

5.18.4. Agent tarapyndan fiziki şahs bolan Söwda hyzmatdaşyň bank kartyna pul serişdeleri geçirmek üçin komissiýa geçirişiň möçberinden …% (… Göterime) deňdir. Agent pul serişdeleri geçirmek üçin gaýry Komissiýalar belläp bilýar, bu barada ol arza ugradylan elektron poçtanyň salgysyna jogap haty bilen gönümel geçirişden öň fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşy duýdurar.

5.18.5. Eger karta geçirmek üçin pul serişdeleriň soralýan möçberi senenama aýda Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça ekwiwalentde rugsat berilen möçberden köp bolsa, Agent Söwda Hyzmatdaşyň ygtyýarlykdaky kanunçylygyna laýyklykda fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşyň telekeçilik işini kanuny ýöredilişini tassyklaýan resminamalary soramaga hukugy özünde saklaýar.

5.18.6. Pul serişdeleriň fizki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşy bellige goýan fiziki şahsyň coin-balansyna geçirilişi diňe Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan rugsat berilen ýagdaýda mümkindir. Fiziki şahs bolan Söwda Hyzmatdaşynda oňa degişli pul serişdeleri Agent tarapyndan geçirmek üçin üçünji şahsyň rekwizitleri görkezmäge hukugy ýokdur.

5.18.7. Pul serişdeleriň konwertasiýasy we coin-balansa geçirmek üçin Saýtda ulanylýan kurs ulanylýar.

6.1. Eger Taraplaryň arasynda başga ylalaşylmadyk bolsa, Agent her senenama aýy tamamlanandan soň 10 (on) iş günüň dowamynda şulary görkezmek bilen edilen Hyzmatlary hakynda hasabaty düzýär (munuň ýaly hasabatyň görnüşi – şu Şertnamanyň 3-nji Goşundysynda bar):

- Satyn alyja satylan Harytlar (satylan Harydyň ady we satylan Harydyň mukdary);

- ýokarlandyrylan Agentlik Sylaglamasy bilen Satyn alyja satylan Harytlar (satylan Harydyň ady we satylan Harydyň mukdary);

- Satyn alyjydan alnan Haryt üçin tölegiň möçberi (ulanylýan walýutada);

- Agentlik Sylaglamanyň möçberi (ulanylýan walýutada);

- ýokarlanan Agentlik Sylaglamanyň möçberi (ulanylýan walýutada);

- Agent tarapyndan edilen goşmaça Hyzmatlar üçin sylaglamanyň möçberi (ulanylýan walýutada);

- Söwda Hyzmatdaşyň Harydyny eltmek üçin Agente degişli öwezligiň möçberi (ulanylýan walýutada);

- Söwda Hyzmatdaşa geçirmäge degişli möçberi (ulanylýan walýutada);
We bu hasabaty şu Şertnamanyň 6.3 bendinde göz öňünde tutulan tertipde Söwda Hyzmatdaşa ugradýar (edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasy bilen bilelikde – şu Şertnamanyň 2-nji Goşundysyny gör).
6.2. Eger hasabat aýynda Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan hiç bir satyn almak-satmak şertnamasy baglaşmadyk bolsa, Agent Söwda hyzmatdaşa hem edilen Hyzmatlar hakynda hasabaty, hem edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasyny bermezlige haklydyr.

6.3. Edilen Hyzmatlar hakynda Agentiň hasabatlary Saýtda Bellige duranda Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan görkezilen elektron poçtanyň salgysyna, şeýle hem şu Şertnamanyň 6.1 b. görkezilen möhletde bu resminamalary ýerleşdirmegiň üsti bilen düzülýär we Söwda Hyzmatdaşa geçirilýär (edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasy bilen bilelikde – şu Şertnamanyň 2-nji Goşundysyny gör).

6.4. Hasabat döwründe edilen Hyzmatlar hakynda hasabaty alan senesinden 3 (üç) iş günüň dowamynda Söwda Hyzmatdaşy oňa gol çekýär (şeýle hem edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasy – şu Şertnamanyň 2-nji Goşundysyny gör), bu hasabatda we delilnamada Söwda Hyzmatdaşyň möhürini üpjün edýär, ondan soň Agentiň ýerleşýän ýeriniň salgysy boýunça edilen Hyzmatlar hakynda hasabatyň we edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamalaryň asyl nusgalaryny Agente ugradýar. Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan gol çekilen we olarda möhür goýlan edilen Hyzmatlar hakynda hasabatyň we edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasynyň asyl nusgalaryny Agente ibermek bilen bir wagtda Söwda Hyzmatdaşy Agente şu Şertnamanyň 14-nji bölüminde görkezilen Agentiň elektron poçtasynyň salgysyna bu hasabatyň we delilnamanyň asyl nusgasynyň skan edilen nusgasyny ugradýar. Nägilelik bar bolan halatynda Söwda Hyzmatdaş şol bir möhletde we şol tertipde Agente bu hasabata we delilnama gol çekmekden esaslandyrylan terk edilmegi ugradýar. Edilen Hyzmatlar hakynda hasabata, edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasyna, ýa-da bu hasabata we delilnama gol çekmegi esaslandyrylan terk edilişe Söwda Hyzmatdaşyň ygtyýarlandyrylan wekili tarapyndan gol çekilmelidir.

6.5. Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşdan şu Şertnamanyň 6.4 bendinde bellenilen möhletde gol çekilen hem edilen Hyzmatlary hakynda hasabaty we edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasyny, hem ýokarda bellenilen hasabata we delilnama gol çekmegi esaslandyrylan terk edişi almadyk halatynda, Agentiň ýokarda görkezilen hasabaty we delilnamasy doly möçberde şikaýatsyz Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan kabul edilen hasaplanylýar we şonuň üçin Taraplaryň arasynda hasaplaşyklar üçin esas bolup durýar. Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan edilen Hyzmatlar hakynda hasabata, edilen Hyzmatlaryň kabul etmek-geçirmek delilnamasyna gol çekmekden soň, ýa-da munuň ýaly hasabata we/ýa-da delilnama gol çekmegi esaslandyrylan terk edilişi Söwda Hyzmatdaşdan Agentiň almagyň möhleti tamamlananda bu hasabat we delilnama babatynda Söwda Hyzmatdaşyň hiç hili şikaýatlary kabul edilmeýär.

6.6. Islendik sebäplerden Haryt Satyn alyjy tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa gaýtarylanda (şol sanda ýaramsyz hilli Harydy gaýtarmak ýa-da Satyn alyjynyň ýaramly hilli Harydy terk etmek), şeýle hem Satyn alyjy şertnamada bellenilen möhletde Harydy geçirmek borçnamasynyň bozulmasy sebäpli satyn almak-satmak şertnamany ýerine ýetirmegi terk edende, şeýle hem islendik sebäplerden Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda baglaşylan şertnamanyň ýerine ýetirilişini Söwda Hyzmatdaş terk eden halatynda Agentlik Sylaglamany hasaplamak maksady üçin Haryt Satyn alyja ýerleşdirilen hökmünde hasaplanylar. Şonuň üçin, görkezilen Haryt üçin Agent tarapyndan pul serişdeler Söwda Hyzmatdaşa tölemäge däl-de, Satyn alyja gaýtarmaga degişli bolýar, bu bolsa Söwda Hyzmatdaşy Satyn alyja gaýtarmaga degişli pul serişdeleriň ululygyndan ugur alyp, şu Şertnamanyň 1-nji Goşundysynda görkezilen stawka boýunça hasaplanylýan möçberde Agente Agentlik Sylaglamany tölemek borçnamadan boşatmaýar.

6.7. Haryt we/ýa-da Kupon gaýtarylanda (hem şu Şertnamanyň 6.6 b. görkezilen sebäplerden, hem gaýty sebäplerde, şeýle hem şu Şertnamanyň 5.16 b, görkezilen ýagdaýlarda we gaýty ýagdaýlarda), eger Söwda Hyzmatdaş görkezilen möçberi Satyn alyja özbaşdak geçirmese, ýa-da eger Söwda Hyzmatdaşy Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa degişli talaby beren gününden 3 (üç) iş günüň dowamynda Agente bu möçberi özbaşdak geçirmese, Agentiň onuň tarapyndan çekilen ýitgileriň (çykdajylaryň) möçberini, şol sanda Agent Satyn alyja gaýtarmaly Harydyň bahasynyň, möçberini akseptsiz hasapdan çykarmaga hukugy bardyr.

6.8. Dahylly däl Söwda Hyzmatdaşa ugradylýan hasabat düzülende taraplaryň ylalaşygy boýunça hasabatyň walýutasy bolar.

7.1. Saýtyň mazmuny, şeýle hem onuň Serwisi we Saýtyň özi awtorlyk hukugy, söwda belgileri hakynda kanunçylygy, şeýle hem intellektual eýeçiligi bilen baglanşykly başga hukuklary, we ynsapsyz bäsdeşlik hakynda kanunçylygy tarapyndan goralandyr, we Agentiň deslapky ýazmaça rugsady bolmazdan nusga alnyp, neşir edilip, gaýtadan öndürilip, geçirilip ýa-da başga usul bilen ýaýradylyp, şeýle hem Internet global torunda ýerleşdirilip bilinmez.

7.2. Agent ýa-da hukugyň eýesi munuň ýaly hereketlere ýazmaça razylygyny berýän ýagdaýlardan başga Saýtda ýerleşdirilen materiallaryň islendik ulanyşy (şol sanda islendik usullar bilen gaýtadan öndürmek we ýaýratmak, şol sanda internetde, köpçülikleýin görkeziş, ähliumumy dykgata ýetirmek, nusga almak (doly ýa-da bölekleýin), üýtgetmek we ş.m.) gadagandyr.

7.3. Saýtda ýerleşdirilen islendik eserleri islendik görnüşde ulanmak razylygy almak üçin Şahsy Kabinetde özara aragatnaşyk görnüşiniň üsti bilen Agente ýüz tutmalydyr.

7.4. Saýt dürli serwisler, şol sanda analitika, onlaýn-tölegler, habarlar we habarnamalary ugratmak serwisleri bilen integrirlenendir. Görkezilen serwisler diňe Saýta we onuň Serwislerine girişiň mümkinçiligini üpjün edýärler. Saýty we onuň Serwisini ulanmak bilen baglanşykly ähli meseleler şu Şertnama bilen düzgünleşdirilýär we Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda özbaşdak çözülýär. Şonda, Söwda Hyzmatdaş onuň tarapyndan push-habarnamalary almak maksady bilen ýazylyşy özbaşdak amala aşyrmagyň şerti bilen Söwda Hyzmatdaş push-habarlary alar. Push-habarnamalary almak ýazylyşyny terk etmegi Söwda Hyzmatdaşy ýa-da özbaşdak (Söwda Hyzmatdaş tarapyndan push-habarnamalar ýazylyşyny terk etmek üçin gerekli işleri Internet torunda amala aşyrmagyň üsti bilen) ýa-da Saýtyň Administrasiýasynyň ikinokat@mail.ru elektron poçtanyň salgysyna erkin görnüşde degişli haýyşnamany ugratmagyň üsti bilen amala aşyryp bilýär.

7.5. Saýtyň Serwisi “bolşy ýaly” şertlerde üpjün edilýär.

7.6. Söwda Hyzmatdaşy Saýtyň Serwisiň, Şahsy Kabinetiň çäklerinde, şol sanda nagt däl tölegi boýunça amala aşyrylan ähli hereketler Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan amala aşyrylan diýlip hasaplanjagyna düşünýär we razylaşýar.

8.1. Söwda Hyzmatdaşyň Saýtda Bildirişleri we Bildirişlere seslenmeleri ýerleşdirmek mümkinçiligi bardyr. Kuponlary satmak hakynda Bildirişde Söwda Hyzmatdaş Çäräniň ýaş belligini görkezmäge borçlanýar.

8.2. Bildirişler, şeýle hem olara seslenmeler Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Şahsy Kabinetiň üsti bilen Saýtda ýerleşdirilýär we Agent tarapyndan tassyklanylandan soň Saýtda neşir edilýär.

8.3. Saýtda Bildirişleri ýerleşdirip, Söwda Hyzmatdaş Bildirişde görkezilen maglumatlary umumy elýeter edýär we ýerleşdirilen maglumat Saýtda açyk girişde neşir edilýändigini, ýagny Internet tory we Saýta girişi ulanmak mümkinçiligi bar bolan dünýäniň ähli ýurtlarynyň çäklerinde adamyň çäklendirilmedik sanyna tanyşmak üçin elýeter bolýandygyny düşünýär. Söwda Hyzmatdaşy Bildirişde habarlaşmak üçin maglumaty görkezmek bilen baglanşykly ähli töwekgelçilikleri, şol sanda çäklenmän: elektron poçta salgysynyň spam-habarlary ibermek üçin sanawlara düşmek töwekgelçiligi, elektron poçta salgysynyň dürli görnüşdäki jenaýatçylaryň eline düşmegiň töwekgelçiligi, telefon belginiň SMS-spamerlere we/ýa-da SMS-jenaýatçylara düşmegiň töwekgelçiligi we maglumaty ýerleşdirmegiň gelip çykýan gaýry töwekgelçilikleri özüne alýar.

8.4. Söwda Hyzmatdaşy Bildirişiň mazmunyna we görnüşine, şeýle hem oňa neşir edilen seslenmelere doly jogapkärçiligi çekýär. Söwda Hyzmatdaşy onuň Bildirişleri hakykata laýyk gelýän maglumatlary öz içine alýandygyny, ulanylýan kanunçylygyň, şu Şertnamanyň we Saýtyň işini düzgünleşdirýän gaýry resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini kepillendirýär.

8.5. Eger Söwda Hyzmatdaşyň Bildirişi awtorlyk hukugynyň obýekti bolup durýan bolsa ýa-da ony öz içine alýan bolsa, bu Bildirişi Saýtda neşir edip, Söwda Hyzmatdaşy Agente ony islendik görnüşde ulanmaga, şol sanda çäkler we ulanyş möhleti boýunça çäklendirmesiz gaýtadan öndürmegiň, ýaýratmagyň, geçirişiň, köpçülikleýin ýerine ýetirişiň, köpçülikleýin görkezişiň, ýaýlyma we kabel boýunça habaryň, ähliumumy dykgata ýetirmegiň üsti bilen ulanmaga rugsat berýär.

8.5.1. Harydyň söwdasyny gowulandyrmak maksady bilen Söwda Hyzmatdaşy şu Şertnamany baglaşyp, Agentiň islendik wagt we Söwda Hyzmatdaşyň goşmaça rugsadyny almazdan (şu Şertnamany baglaşmagyň üsti bilen Söwda Hyzmatdaşyň beren rugsadyndan başga) Söwda Hyzmatdaşyň kärhana adyny, onuň haryt belgisini (hyzmat belgisini), onuň ýerleşýän ýerine görkezmäni, onuň hukuk we/ýa-da hakyky salgylaryny, şeýle hem Söwda Hyzmatdaşa degişli bolan intellektual işiniň netijelerine we şahsylandyryş serişdelerine hukuklary (şol sanda Saýtda ýerleşdirilen söz beýanlary, surat we wideolar, şol sanda Saýty we onuň Serwislerini ulanmak bilen Söwda Hyzmatdaş tarapyndan satylýan Harydyň söz beýany, surat we wideolary), we Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Saýtda ýerleşdirilen islendik başga maglumaty islendik görnüşde we islendik usul bilen ulanmaga hukugynyň barlygyna şertsiz we gaýtarmasyz rugsadyny berýär (şol sanda Agentiň mahabat aksiýalary, mahabat kompaniýalary guramaga, hususan, Harydyň we/ýa-da Söwda Hyzmatdaşyň mahabatynyň dowamynda islendik usul bilen, islendik görnüşde we islendik serişdeleri ulanmak bilen, şeýle hem islendik şertlerde mahabaty ýaýratmaga bolan hukugy). Söwda Hyzmatdaş şeýle hem Agent şu 8.5.1 b. beýan edilen öz hukugyny amala aşyryp, mahabat beriji bolup durmaýandygyny, mahabat beriji bolsa Söwda Hyzmatdaşyň özi bolýandygyny tassyklaýar.

8.6. Saýtda Bildirişleri ýerleşdirende Söwda Hyzmatdaş şu aşakdakylara borçlanýar:

• Saýtda Bildirişleri ulanylýan kanunçylygyna, şol sanda sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda kanunçylygyna, şu Şertnamanyň şertlerine we Saýtyň işini düzgünleşdirýän gaýry resminamalara laýyklykda ýerleşdirmek;

• Saýtda resmileşdirilen Sargytlary we Bildirişlere seslenmeleri görmek;

• edilen Sargyty babatynda Satyn alyjy bilen seslenmeleri biri-birine ugratmak.

8.7. Saýtyň Bildirişlerinde we teswirlerinde şu aşakdakylary ýerleşdirmek gadagandyr:

• töhmeti we göwne degýän zatlary;

• hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary;

• ýaramaz häsiýetli maglumaty;

• ulanylýan kanunçylyk tarapyndan gadagan edilen ýa-da çäklendirilen harytlary hödürlemek;

• üçünji şahslaryň hususy durmuşy hakynda maglumatlar, şahsy maglumatlar, şahsy ýa-da maşgala syry;

• döwlet syry, kanun tarapyndan goralýan gaýry syry, şeýle hem gaýry ýaşyryn maglumatlary;

• hapa sözleri;

• ekstremist häsiýetli sözleri;

• köpçülikleýin tertipsizlige, ulanylýan kanunçylygy bozmak bilen geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga çagyryşlar;

• ulanylýan kanunçylyga garşy gelýän Internetdäki saýtlara we sahypalara çakylyklar;

• spam we trolling.

8.8. Saýtda üçünji şahslaryň intellektual eýeçiligine hukuklary bozýan Bildirişleri ýerleşdirmek gadagan.

8.9. Agent Söwda Hyzmatdaş tarapyndan ulanylýan kanunçylygy, şu Şertnamanyň şertlerini we Saýtyň işini düzgünleşdirýän gaýry resminamalary bozan halatynda öz islegi boýunça islendik wagt Bildirişleri we olaryň seslenmelerini bozmaga haklydyr.

8.10. Harydyň görnüşine, olaryň beýanyna, häsiýetnamalara, niýetlenişine, Bildirişiň başyndaky adyna laýyk gelmeýän Bildirişleri ýerleşdirmek we/ýa-da Satyn alyjylary ýalana çekip bilýän gaýry maglumatlary görkezmek gadagan. Bildirişdäki ähli maglumat hakykata laýyk gelmelidir.

8.11. Şu aşakdaky Harytlar ýa-da munuň ýaly Harytlar bilen baglanşykly hyzmatlar hakynda Bildirişleri ýerleşdirmek gadagan:

• ulanylýan kanunçylyk tarapyndan gadagan edilýän önümçiligi we (ýa-da) amala aşyrylyşy;

• partlama maddalar we materiallar, şeýle hem pirotehniki önümler hakynda;

• gerekli şahadatnamalaryň we/ýa-da ygtyýarnamalaryň ýoklugynda ygtyýarlandyryşa we/ýa-da sertifikasiýa degişli harytlar hakynda;

• temmäki önümlerini, çilim çekilýän esbaplary we çilime degişli çekilýän garyndylar hakynda;

• ýaraglar, ok-däriler we harba degişli önümler hakynda;

• gymmat bahaly kagyzlar hakynda, olaryň emitentleri hakynda maglumaty, şeýle hem maliýe hyzmatlar we maliýe işi hakynda;

• lotereýalar we höweslendiriji çäreler hakynda, töwekgelçelige esaslanýan oýunlary, jedeller hakynda, şeýle hem olaryň guramaçylary hakynda maglumat;

• islendik alkogol önümleri (şol sanda piwo) hakynda;

• gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly daşlar we olaryň önümleri hakynda (işiň bu görnüşine ýerleşdirmeleriň ýoklugy şerti bilen).

8.12. Erkin amala aşyryş ulanylýan kanunçylyk tarapyndan gadagan edilen ýa-da çäklendirilen bolsa onda, harytlary distansion görnüşde ýaýratmak (satmak) gadagandyr.

9.1. Agent satyn almak-satmak şertnamasynyň närsesi bolyp durýan Harytlaryň Satyn alyjylara üpjün etmek bilen baglanşykly Söwda Hyzmatdaşyň borçnamalary boýunça, şeýle hem Söwda Hyzmatdaşyň Satyn alyjy bilen satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmagy terk etmek ýa-da Söwda Hyzmatdaş tarapyndan satyn almak-satmak şertnamasynyň birtaraplaýyn ýatyrylmagy üçin jogapkärçiligi çekmeýär.

9.2. Agent onuň tarapyndan we/ýa-da Söwda Hyzmatdaş tarapyndan we/ýa-da Satyn alyjy tarapyndan ulanylýan programma we abzal serişdeleriň, şeýle hem üçünji şahslar tarapyndan üpjün edilen aragatnaşyk kanallarynyň gurat dälliginiň netijesinde Agent, Söwda Hyzmatdaş ýa-da Satyn alyjy tarapyndan islendik şertnamalary baglaşmak mümkin bolmadyk halatynda jogapkärçiligi çekmeýär.

9.3. Söwda Hyzmatdaşy şu Şertnamanyň 4.3.7 bendini bozan halatynda Agent üçünji taraplaryň intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagyna jogapkärçiligi çekmeýär. Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan şu Şertnamanyň 4.3.7 bendiniň bozulmagy netijesinde Agent jogapkärçilige, şol sanda kazyýete çenli tertipde çekilen ýagdaýynda Söwda Hyzmatdaş Agent tarapyndan degişli talap berilen gününden 3 (üç) iş günüň dowamynda oňa Agent tarapyndan çekilen ýitgileriň öwezini doly möçberde doldurmalydyr.

9.4. Agent Söwda Hyzmatdaşyň Internet toruna girişiň tehniki meseleleri sebäpli, şeýle hem Saýtyň we/ýa-da toruň işine bozulmalar üçin, ýa-da Saýtda öňüni alyş işleri üçin Söwda Hyzmatdaş tarapyndan maglumatyň alynmazlygy ýa-da onuň şu Şertnamada beýan edilen möhletde alynmazlygy üçin jogapkärçiligi çekmeýär.

9.5. Söwda Hyzmatdaş onuň baglaşan satyn almak-satmak şertnamalary boýunça Söwda Hyzmatdaşyň borçnamalary ýerine ýetirmek bilen baglanşykly ýa-da jogapkärçiligi Söwda Hyzmatdaşy çekýän gaýry ýagdaýlar bilen baglylykda Satyn alyjylar we/ýa-da gaýry şahslar tarapyndan Agente şikaýatlar we/ýa-da has isleýiş arzalary beren halatynda döreýän ähli ýitgileriň öwezini Agente doldurmalydyr.

Eger Agent şu aşakdakylar tarapyndan jogapkärçilige (raýat, administratiw, islendik başga) çekilýän bolsa:

- halkara edaralary ýa-da guramalary (şol sanda hökümete degişli däl);

- Agentiň ýerleşýän ýeriniň ýurdunyň ýa-da başga islendik ýurduň döwlete degişli däl, döwlete degişli we munisipal edaralary ýa-da guramalary; we onuň sebäpleri Söwda Hyzmatdaşyň günäli ýa-da günäsiz hereketleri ýa-da hereketsizligi bolan bolsa, onda Söwda Hyzmatdaş, birinjiden, öz hasabyna Agentiň jogapkärçiligini minimum derejesine ýetirmek ýa-da Agenti doly möçberde jogapkärçilikden boşatmak maksady bilen Agenti jogapkärçilige çekýän taraplar bilen Agentiň tarapynda gepleşikleri alyp barmak, şol maksat bilen kazyýetde Agentiň tarapynda çykyş etmek, şeýle hem, ikinjiden, Agnetiň ähli ýitgileriň öwezini doldurmak (hususan, hem Agente bellenilen jerimäniň möçberi, şeýle hem bu jerimäni aýyrmak/goýmak/almak bilen baglanşykly Agentiň ähli çykdajylary/harajatlary). Söwda Hyzmatdaş onuň tarapyndan Agentden degişli ýazmaça talaby alan gününden 10 (on) günüň dowamynda ýokarda görkezilen ýitgileriň öwezini Agente doly möçberde doldurýar.

9.6. Agent Satyn alyja Harydy eltmegiň dowamynda Harydyň ýitmeginiň ýa-da Harydyň bozulmagynyň netijesinde dörän hakyky ýitgini Söwda Hyzmatdaşa gaýtarmaga borçlanýar (eger Harydyň elmtesi Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan däl-de, Agent ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji şahslary tarapyndan amala aşyrylýan bolsa). Bu hakyky ýitgi Agent tarapyndan bu hakyky ýitginiň hakyky gaýtarylmagyndan (ýagny Agent tarapyndan üçünji şahslardan (hususan, subagentlerden) we/ýa-da gaýry zyýan ýetirijilerinden pul serişdeleri almakdan soň) Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşa gaýtarylar.

9.7. Saýtda we Marketpleýsde ýerleşdirilän ähli tekst maglumaty, şeýle hem surat- wideo- we grafiki suratlar kanuny hukuk eýesine eýedir. Görkezilen maglumatyň we suratlaryň bikanun ulanyşy ulanylýan kanunçylyga laýyklykda yzarlanylýar. Söwda Hyzmatdaşy munuň bilen Agent tarapyndan şu Şertnamanyň 8.5.1 b. laýyklykda Saýtda we Marketpleýsde ýerleşdirilen islendik tekst maglumatynyň we/ýa-da surat-, wideo-, grafiki suratlaryň hem Söwda Hyzmatdaşynyň özi tarapyndan, hem Söwda Hyzmatdaşyň görkezmesi boýunça ulanylmagy bikanun ulanyş bolup durmaýanlygyny tassyklaýar. Üçünji şahslar tarapyndan Agente Söwda Hyzmatdaş tarapyndan munuň ýaly ulanyş sebäpli şikaýatlar berilen halatynda Söwda Hyzmatdaş berilen şikaýatlardan gelip çykýan islendik jogapkärçilikden boşatmak maksat bilen Agentiň tarapynda çykyş etmäge, şeýle hem munuň ýaly berilen şikaýatlaryň netijesinde Agentde döräp biljek ähli ýitgileriň öwezini Agente doly möçberde doldurmaga borçlanýar.

9.8. Eger ýerine ýetirmezlik üpjünçiligi şu Şertnamada göz öňünde tutulan Söwda Hyzmatdaş tarapyndan maglumatyň üpjün edilmezligi we/ýa-da öz wagtynda bolmadyk üpjün edilmegi we/ýa-da ygtybarsyz we/ýa-da doly däl maglumatyň üpjün edilmegi sebäpli, şeýle hem Söwda Hyzmatdaş tarapyndan şu Şertnamada göz öňünde tutulan şertleriň ýerine ýetirmezligi sebäpli bolsa, Agent şu Şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirmezligi üçin jogapkärçiligi çekmeýär.

9.9. Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan ýitgileri (çykdajylary) gaýtarmagyň hasabyna Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyň hasabyndan pul serişdeleriň çykarylmagy babatynda islendik bir şikaýatlaryň şu Şertnamanyň 6.7 b. görkezilen tertipde pul serişdeleriň hasapdan çykarylan gününden 3 (üç) iş günüň dowamynda alynmadyk halatynda Agent tarapyndan amala aşyrylan pul serişdeleriň çykarylmagy esaslandyrylan, ulanylýan kanunçylyga we şu Şertnamanyň şertlerine garşy gelmeýän we şoniň üçin Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan tassyklanylan hasaplanylýar, we şonuň üçin şu Şertnamanyň Taraplarynyň arasynda jemleýji maliýe hasaplaşyklar üçin hukuk esasy bolup durýandyr. Geçen setirde görkezilen Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Agente şikaýatlary bermek üçin möhlet (Agent tarapyndan pul serişdeleriň çykarylan gününden 3 (üç) iş güni) şu Şertnamada göz öňünde tutulan Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyň hasaplaryndan pul serişdeleriň akseptsiz çykarylan ýagdaýlaryna degişlidir. Bu möhletde Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyň hasabyndan pul serişdeleriň munuň ýaly çykarylmagy babatynda hiç hili şikaýatlaryň alynmazlygy Söwda Hyzmatdaş munuň ýaly pul serişdeleriň çykarylmagy Agent tarapyndan esasly, ulanylýan kanunçylygyň we şu Şertnamanyň şertlerine doly laýyklykda amala aşyrylandygyny, şonuň netijesinde ol Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan tassyklanylandygyny, şonuň üçin şu Şertnamanyň Taraplarynyň arasynda jemleýji maliýe hasaplaşyklar üçin hukuk esas hökmünde kabul edilýändigini kabul edilmegini aňladýar.

9.10. Söwda Hyzmatdaşy şu Şertnamanyň bütin hereket edýän möhletiň dowamynda Harydyň satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmagy mümkin edýän ýeterlikli resminamalaryň barlygyny Agente kepillendirýär.

9.11. Agentlik Sylaglamany, Agentiň Sylaglamasyny we Agente degişli bolan gaýry möçberleri tölemegiň möhleti ýerine ýetirmezligi üçin, Söwda Hyzmatdaş her möhlet saklanan gün üçin Agente tölenmedik möçberden 0,1% (nol biti ondan bir göterim) möçberinde puşmany tölegi Agente töleýär.

10.1. Şu Jemagat Ofertanyň şertlerini kabul edip, fiziki şash, öz işi bilen meşgullanýan, edara görnüşli tarap ýa-da hususy telekeçi bolup durýan Söwda Hyzmatdaşy Agent tarapyndan Saýtda Bellige durulan wagtynda üpjün edilen bellige alyş maglumaty işläp taýýarlamaga, ýagny şol sanda şu aşakdaky hereketleri amala aşyrmaga rugsat berýär: Agent bilen Saýtyň üsti bilen Harytlary ýerleşdirmek üçin şu Şertnamany baglaşmak maksady bilen, şeýle hem jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek böleginde kanunçylygyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Söwda Hyzmatdaşyň şahsy maglumatlaryna degişli islendik maglumaty ýygnamak, ulgamlaşdyrmak, toplamak, saklamak, takyklamak (täzelemek, üýtgetmek), ulanmak, ýaýratmak (şol sanda geçirmek), şahsyzlandyrmak, bloklamak we ýok etmek.

10.2. Agent diňe Serwisi Söwda Hyzmatdaşy we Satyn alyjylar tarapyndan üpjün etmek we ulanmak üçin gerekli maglumaty ýygnaýar we saklaýar. Agent Söwda Hyzmatdaşyň bellige alyş maglumaty bikanun ýa-da tötänleýin girişden, ýok etmekden, üýtgemekden, bloklamakdan, nusga alynmakdan, ýaýratmakdan, şeýle hem onuň bilen üçünjii şahslar tarapyndan bikanun hereketlerden goramak üçin ähli gerekli we ýeterlikli guramaçylyk we tehniki çäreleri görýär.

10.3. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan Saýtda şahslaryň çäklendirilmedik sanyna umumy giriş üçin özi hakynda maglumatyň meýletin bermek ýagdaýlaryndan başga şu Şertnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan geçirilen maglumaty babatynda onuň ýaşyrynlygy saklanylýar.

10.4. Agent hususy telekeçi, fiziki şahs, öz işi bilen meşgullanýan şahs, edara görnüşli tarap bolup durýan Söwda Hyzmatdaşyň ähli maglumatlary işläp taýýarlananda şahsy maglumatlar hakynda ulanylýan kanunçylygyň, şol sanda onuň ösüşi üçin we ony ýerine ýetirmek maksady bilen neşir edilen gaýry kadalaşdyryjy resminamalaryň düzgünlerini berjaý etmäge borçlanýar.

10.5. Şu Şertnamanyň çäklerinde ýaşyryn maglumat diýlip şulara düşünilýär:

• şu Şertnama ýa-da Taraplaryň arasynda baglaşylan gaýry şertnamalar boýunça borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanşykda açýan Tarap tarapyndan kabul edýän Tarapa geçirilen, ýa-da kabu edýän Tarapa belli bolan hojalyk, ykdysady, maliýe, iş we gaýry hasiýetli maglumat we maglumatlar;

• Ulanylýan kanunçylyga laýyklykda edara görnüşli tarapyň ýa-da hususy telekeçiniň täjirçilik syry bolup bilmeýän maglumatlardan başga, şu Şertnamanyň mazmuny, şeýle hem şu Şertnama bilen baglanşykda Taraplaryň biri-birine geçirilen ähli resminamalar ýaşyryn hasaplanylýar we başga Tarapyň deslapky ýazmaça rugsady bolmazdan Tarap tarapyndan açylmaga degişli bolmadyk Taraplaryň täjirçilik syryna degişlidir;

• Geçirýän Agent ýa-da Söwda Hyzmatdaş üçünji şahslaryň – maglumatyň eýesiniň öňünde onuň ýaşyrynlygyny saklamak boýunça borçlaryny özüne alan maglumat;

• Satyn alyjy bilen baglaşylýan islendik satyn almak-satmak şertnamasynyň närsesi, mazmuny, bahasy we gaýry ähmiýetli şertleri;

• Munuň ýaly maglumat geçirilende Agent ýa-da Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan maglumat ýaşyryn bolmaýanlygy bellenilen bolmadyk ýagdaýlardan başga, şu Şertnamany ýerine ýetirmegiň dowamynda Söwda Hyzmatdaş ýa-da Agent tarapyndan, şol sanda degişli Söwda Hyzmatdaşyň ýa-da Agentiň işgärleri tarapyndan alnan islendik gaýry maglumat.

10.6. Taraplar ýaşyryn bolup durýan şu Şertnamanyň şertleriniň amala aşyryşyna degişli bolan maglumaty aýan etmezler ýa-da üçünji şahslara geçirmezler. Taraplaryň birine bu maglumatyň üçünji şahslara bermek zerurlygy bolanda bu başga Tarapyň deslapky ýazmaça razylygy bilen amala aşyrylyp bilner.

11.1. Serwisi ulanmak, şu Şertnama boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek bilen baglanşykly jedeller dörän halatynda Söwda Hyzmatdaş we Agent gepleşikleriň üsti bilen olaryň çözülmegine ähli çäreleri kabul ederler.

11.2. Eger şu Şertnamada başga göz öňünde tutulmadyk bolsa, Agent seretmek üçin Söwda Hyzmatdaşyň şikaýatlaryny ýazmaça görnüşde ýa-da Şahsy Kabinetiň üsti bilen, ýa-da Serwisiň üsti bilen kabul edýär. Munuň ýaly şikaýatlar Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan Agente şikaýat ugradylan ýagdaýlaryň dörän senesinden 15 (on bäş) iş günüň dowamynda Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşdan kabul edilmelidir.

11.3. Şikaýat jogabyň möhleti onuň degişli Tarap tarapyndan almagyň senesinden 15 (on bäş) iş gününe deňdir.

11.4. Taraplaryň arasyndaky jedeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda  çözmek mümkin bolmasa, onda bu jedel kazyýet tarapyndan çözülýär.

11.5. Söwda Hyzmatdaşyň şikaýaty şu aşakdaky maglumatlary öz içine almalydyr: şikaýat görkezilen ýagdaýlaryň dörän senesi we wagty; bu ýagdaýlaryň döremeginiň şertleri; Söwda Hyzmatdaşyň talaplarynyň mazmuny; görkezilen şikaýat boýunça esaslandyrylan jogaby ugrukdyrmak üçin Söwda Hyzmatdaşyň rekwizitleri; Söwda Hyzmatdaşyň öýjükli telefonyň belgisi we elektron poçtanyň salgysy, şeýle hem Agent tarapyndan Söwda Hyzmatdaşyň mazmuny boýunça şikaýaty garamak üçin gerekli gaýry maglumat.

11.6. Söwda Hyzmatdaş tarapyndan ygtybarsyz maglumat üpjün edilende Agent onuň şikaýatyny kabul etmegi we seretmegi terk edip bilýär.

11.7. Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň arasyndaky gatnaşyklara haýsy hukuk ulanylýandygy hakynda mesele çözülende, şu aşakdakylardan ugur almaly:

11.7.1. Söwda Hyzmatdaş Saýtda Hasaba duranda Söwda Hyzmatdaşyň we Agentiň hukuk gatnaşyklary degişli Agentiň ýerleşýän ýeriniň hukugy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

11.7.2. Harydyň satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylanda Satyn alyjynyň we Söwda Hyzmatdaşyň hukuk gatnaşyklary bu Söwda Hyzmatdaşyň ýerleşýän ýeriniň hukugy bilen düzgünleşdirilýär.

11.7.3. Ýokarda beýan edilen 11.7.1 b. we 11.7.2 b. beýan edilenler ulanylanda şu aşakdakylardan ugur almaly:

- Saýtda Bellige durmagy amala aşyrýan Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän Söwda Hyzmatdaş 744036 Türkmenistan, Aşgabat ş, 10 Ýyl Abadançylyk 102-nji jaý salgysy boýunça ýerleşýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan fiziki şahs (ŞSB 102122500271, HSUK 1265000001) bolan Telekeçi Ýagşymämedow Serdar Haldurdyýewiç – Agent bilen Agentlik-Oferta şertnamasyny baglaşýar, bank rekwizitleri:

h/h 23206934173169800132000

Bank “Türkmen-Türk” PTB, Aşgabat şäheri

BIK 390101731

k/h 21101934110100500001000

elektron poçtanyň salgylary: ikinokat@mail.ru;

- Saýtda Bellige durmagy amala aşyrýan Türkmenistanyň çäklerinden daşynda ýerleşýän Söwda Hyzmatdaş 744036 Türkmenistan, Aşgabat ş, 10 Ýyl Abadançylyk 102-nji jaý salgysy boýunça ýerleşýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan fiziki şahs (ŞSB 102122500271, HSUK 1265000001) bolan Telekeçi Ýagşymämedow Serdar Haldurdyýewiç – Agent bilen Agentlik-Oferta şertnamasyny baglaşýar, bank rekwizitleri:

h/h 23206934173169800132000

Bank “Türkmen-Türk” PTB, Aşgabat şäheri

BIK 390101731

k/h 21101934110100500001000

elektron poçtanyň salgylary: ikinokat@mail.ru;

Muňa baglylykda Agente bu hasaplaşyklary amala aşyrylanda ulanylýan kanunçylygy berjaý etmek boýunça borçnama ýüklenilýär (hususan, hasaphana çekleri bermäge we Türkmenistanda hasaplaşyklar amala aşyrylanda gözegçilik-hasaphana tehnikany ulanmak hakynda kanunçylygyň gaýry talaplaryny berjaý etmäge borçnama).

12.1. Eger ýerine ýetirmezlik şu Şertnama gol çekilenden soň dörän ýeňip bolmaýan güýjüň ýagdaýlary bilen ýüze çykan bolsa, Taraplaryň her biri şu Şertnama boýunça öz borçnamalaryň doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirmezligi üçin jogapkärçilikden boşadylýar. Ýeňip bolmaýan güýjüň ýagdaýlary diýlip, bu Tarap öňünden çaklap ýa-da elýeter serişdeleri bilen öňüni alyp bilmedik adatdan daşary hadysalara ýa-da ýagdaýlara düşünilýär. Munuň ýaly adatdan daşary hadysalar ýa-da ýagdaýlarda, hususan, şulary öz içine alýar: sil, ýangynlar, ýere titreme we gaýry tebigy betbagtçylyklar, döwlet edaralaryň hereketleri, şeýle hem Taraplaryň islendiginiň aň gözegçiliginiň çäklerinden daşyna çykýan islendik gaýry ýagdaýlar.

12.2. Şu Şertnama boýunça Taraplary olaryň borçlaryny ýerine ýetirmekde saklanmak ýa-da ýerine ýetirmezlik üçin jogapkärçilikden boşadýan ýagdaýlary deň derejede Taraplaryň şu Şertnama boýunça öz borçlarynyň ýerine ýetirmek mükinçiligine gönümel täsir eden ýa-da täsir etjek embargo ýa-da sanksiýalaryň yglan edilmegi, häkimiýet we/ýa-da dolandyryş edaralaryň gaýry hereketleri ýa-da hereketsizligi bolup durýar.

12.3. Ýeňip bolmaýan güýçleriň ýagdaýlary bilen döredilen ýitgileriň öwezini doldurmak hakynda islendik Tarapyň talaby esassyz bolup durýar we kanagatlandyrmaga degişli däldir.

12.4. Eger ýeňip bolmaýan güýjüň ýagdaýlary dörän gününinden 60 (altmyş) senenama günler tamamlandan soň hereket etmegi dowam etseler we bu Taraplaryň islendik biriniň hukuklarynyň we bähbitleriniň ähmiýetli bozulmasyny döredýän bolsa, bu Tarap başga Tarapa şu Şertnamany ýatyrmak islegi hakynda ýazmaça görnüşinde habar bermäge haklydyr. Hukuklary we bähbitleri ähmiýetli bozulýan Tarapdan ýokarda görkezilen habarnama başga Tarapa gowuşandan soň 30 (otuz) senenama tamamlandan soň şu Şertnama bu ýagdaýda ýatyrylan diýlip hasaplanylýar.

13.1. Şu Şertnama Söwda Hyzmatdaşy tarapyndan şu Jemagat Ofertanyň Akseptiniň pursadyndan güýje girýär we şu Şertnamada göz öňünde tutulan tertipde ýatyrylýança hereket edýär.

13.1.1. Şu Şertnama Taraplaryň ylalaşygy boýunça islendik wagt ýatyrylyp bilner. Eger Taraplaryň biri Taraplaryň ylalaşygy boýunça şu Şertnamany ýatyrmaga islese, bu Tarap bu talabyň alyjy Tarapyň elektron poçtanyň salgysyna (bu talaby almak üçin Agentiň elektrik poçtanyň salgysy: ikinokat@mail.ru) bu hödürnama bilen öz teklibini ugradýar (Taraplaryň ylalaşygy boýunça şu Şertnamany ýatyrmak hakynda teklip). Tarap tarapyndan Taraplaryň ylalaşygy boýunça şu Şertnamany ýatyrmak hakynda teklip bilen talaby alnandan soň Taraplaryň ikisi hem şu Şertnamany ýatyrmagyň senesi hakynda, şeýle hem şu Şertnamany ýatyrmagyň senesine çenli çözülmeli meseleleri hakynda ylalaşyklary öz aralarynda gazanmak üçin hereketleri edýärler.

13.2. Agent Söwda Hyzmatdaş bilen hiç hili deslapky ylalaşyk bolmazdan birtaraplaýyn esasda islendik pursat şu Şertnama we onuň ähli goşundylaryna (doly ýa-da bölekleýin) islendik üýtgeşmeleri we/ýa-da goşmaçalary girizmäge haklydyr. Eger Agent tarapyndan başga görkezilmese, bu üýtgetmeler we/ýa-da goşmaçalar olaryp Saýtda ýerleşdirilmeginden soň derrew Agent we Söwda Hyzmatdaşy üçin güýje girýär.

13.3. Söwda Hyzmatdaş gündelik esasda derwaýys neşirýaty bilen tanyşmagyň üsti bilen Şertnamanyň we onuň goşundylarynyň üýtgeşmelerini we goşamçalaryny özbaşdak yzarlamaga borçlanýar. Söwda Hyzmardaşy onuň takyk senesine hereket edýän şu Şertnamanyň we onuň goşundylarynyň neşirýaty bilen tanyşmanlygy sebäpli ýüze çykan ähli netijelerine jogapkärçiligi özbaşdak çekýär we bu jogapkärçiligi Agente çüklemeýär (Agenti bu jogapkärçilikden boşadýar).

13.4. Agent şu Şertnamany ýatyrmagyň senesinden azyndan 20 (ýigrimi) iş günüň içinde elektron poçtanyň salgysy boýunça Şahsy Kabinetiň üsti bilen ýa-da başga ýazmaça usul bilen Söwda Hyzmatdaşa habar bermegiň üsti bilen Söwda Hyzmatdaşyň hiç hili razylygyny almazdan birtaraplaýyn tertipde şu Şertnamany ýatyrmaga haklydyr. Bu ýagdaýda şu Şertnama habarnamada görkezilen senesinden ýatyrylan diýlip hasaplanylýar. Şu Şertnamanyň ýatyrylmagy şu Şertnama ýatyrylan senesinden öň dörän Taraplaryň biri-biriniň öňünde bolan borçlaryň awtomatiki ýatyrylmagyna getirmeýär. Ýokarda görkezilen 20 günlük möhletiň içinde Taraplar özara hasaplaşyklary amala aşyrmaly, deňedirme delilnamalara, hasabatlara, delilnamalara we gaýry gerekli resminamalara gol çekmeli.

13.5. Agentiň we Söwda Hyzmatdaşyň arasynda Agent Sylaglamasyny, Agentiň Sylaglamasyny, Agente degişli gaýry möçberleri ylalaşmak we/ýa-da tölemek babatynda, şeýle hem şu Şertnamany ýerine ýetirmegiň meseleleri babatynda jedeliň döremegi halatynda Söwda Hyzmatdaş birtaraplaýyn tertipde şu Şertnamanyň ýerine ýetirilişini doly ýa-da bölekleýin togtatmaga haklydyr (şu Şertnamanyň ýerine ýetirilişini togtatmagyň senesine çenli 20 (ýigrimi) iş güni öňünden Şahsy Kabinetiň üsti bilen we/ýa-da Agentiň elektron poçtasynyň salgysy boýunça habar bermek bilen).

13.6. Elektron poçta boýunça, Şahsy Kabinetiň üsti bilen, faksimil aragatnaşyk bilen geçirilen resminamalar, olaryň skan edilen nusgalar doly hukuk güýjüne eýedirler. Maglumatyň üýtgemeginiň töwekgelçiligini degişli usul bilen maglumaty ugradan Tarap çekýär. Munda ýokarda beýan edilen usullarynyň biri bilen Taraplaryň biri tarapyndan başga Tarapa öň ugradylan resminamalaryň asyl nusgalary bu resminamalara gol çekilen gününden 10 (on) iş günden gijä galman Taraplar tarapyndan biri-birine geçirilmelidir.

13.7. Aňsatlyk maksatlary üçin şu Şertnamada Taraplar diýlip, şeýle hem olaryň mümkin bolan hukuk mirasdüşerlerine düşünilýär.

13.8. Taraplar munuň bilen şu Şertnamany ýerine ýetirmek bilen baglylykda düzülen islendik resminamada olaryň möhüriniň barlygy bu resminama gol çeken adam bu resminama gol çekmek üçin degişli Tarap tarapyndan ýaramly görnüşde ygtyýarlandyrylandygyny tassyklaýarlar.

13.9. Şu Şertnamada hiç bir zat ulanylýan kanunçylygy bozýan şert hökmünde düşündirilip bilinmez. Eger şu Şertnamanyň islendik şerti ulanylýan kanunçylaga garşy gelýän bolsa, onda bu şert ulanylman, degişli böleginde ulanylýan kanunçylyk ulanylýandyr. Şonda, şu Şertnamanyň gaýry şertleri ulanylýan kanunçylyga garşy gelmeýän böleginde ulanylýarlar.

Agent: Telekeçi Ýagşymämmedow Serdar Haldurdyýewiç, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda hasaba alnan fiziki şahs (ŞSK 102122500271, OKPO 1265000001), salgysy: 744036 Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesi, jaý 102

Bank maglumatlary

h\h 23206934173169800132000

“Türkmen-Türk” PTB, Aşgabat şäheri

BIK 390101731

K/hasaby 21101934110100500001000

Elektron poçta salgysy: ikinokat@mail.ru