Ýüz we beden üçin deri agardyjy gel Bioaqua
- — Aşgabadyň çaginde 10 TMT
- — Aşgabadyň çaginden daşy 30 TMT başlanyar
- — Iş wagty: Du - Şe
- — Eltip berme: 10:00 - 18:00
- — Ýekşenbe - dynç güni
Ýüz we beden üçin deri agardyjy Bioaqua Nenhong Pink Privates gel. Bu serişde deri örtügini howpsuz agartmak üçin niýetlenen tekizleýji gel bolup, ol bedeniň iň näzik zolaklaryny agartmak üçin hem ulanylyp bilner. Bu serişde hoşboý ysly bolup ol deri örtügine gözel reňk öwüşginini berýär we beýleki pigment nokatlaryň öňüni alýar. Bu geliň düzüminde gliserin, tebigy ýaglar we ösümlik ekstraktlary bar. Onuň ýeňil teksturasy gysga wagtda deri örtügine siňýär we ýagly öwüşgin ýa-da şepbeşik duýgyny galdyrmaýar. Serişdäniň düzümindäki gliserin we ösümlik komponentleri deri örtügine tekizlemek we ýygyrtlary ýazmak ýaly täsir edýär, şonuň esasynda hem serişde deri örtügine diňe agardyjy täsir etmän, eýsem derini iýmitlendirýär. Serişdäniň gaplanylşy ulanylyş üçin örän ykjam aplikatorly. Bu aplikator serişdäni bedeniň näzik zolaklaryna (dodak, goltuk we ş.m) ulanmaklygy ýeňilleşdirýär. Bu serişdäniň aýdyň netijesini görmek üçin gel suwuklygyny gündelik irden we agşam ulanmaly. Has täsirli effektini görmek üçin serişdäni yzygiderli ýagdaýda 8 hepde ulanmaklyk maslahat berilýär. Serişdäniň düzüminde saglyk üçin zyýanly (simap, steroidlar, gidrohinonlar) jisimler ýok. Şonuň üçin hem serişde saglyga zyýansyz we deri üçin howpsuz hasaplanylýar.
Ulanylyşy: serişdäniň ulanyljak deri zolagyny gowy arassalamaly we guratmaly. Agardyjy serişdäniň uly bolmadyk möçberini almaly we barmaklaryňyz bilen aýlawly hereketler bilen zerur zolaklara sürtmeli we siňmegine garaşmaly. Serişde arassalanan ýüze, ýagny ýuwanyňyzdan soň we beýleki kosmetiki serişdelerinden öň ulanylýar. Serişdäni çalan ýerleriňizi gün şöhlesiniň düşmeginden SPF+30 derejeli günden goraýjy krem arkaly goramaly.
Saýlan harydyňyzy satyn almazdan öň, harydyň anyk häsiýetnamasy we düzümi barada goşmaça maglumat almak üçin, satyjy bilen habarlaşyň. Harytlaryň we / ýa-da harytlaryň daşky görnüşi öndüriji tarapyndan üýtgedilip, Ikinokat web saýtynda görkezilen maglumatlardan tapawutlanyp biler.
Alyjylaryň dykgatyna: ýokarda görkezilen maglumat neşir edilen wagty, açyk çeşmelerden, şol sanda resmi web sahypalaryndan we kataloglardan alnan iň soňky habarlara esaslanýar, önümiň beýanynyň we aýratynlyklarynyň takyklygyny kepillendirmeýär. Öndüriji gaplamanyň daşky görnüşini, önümiň düzümini, tagamlaryny we yzygiderliligini üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. Enjamyňyzyň ekranynyň reňk görkezişiniň aýratynlyklary sebäpli, önümiň reňki, suratda görkezilen reňklerden biraz tapawutlanyp biler. Saýtda görkezilen bahalar üýtgedilip we tapawutlanyp biler. Bahalar we harytlaryň sany gijikdirilip täzelenip bilner. Has giňişleýin maglumat üçin biziň administratorymyz bilen habarlaşmagyňyzy we haýsydyr bir ýalňyşlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Harytlary eltip bermek hyzmaty, saýtda görkezilen elýeterliligine baglylykda amala aşyrylýar. Sargyt edilen harytlar ammarlardan alynman, söwda merkezleriniň we dükanlaryň tekjelerinden alynýar. Edilen sargydyňyz boýunça opeartorymyz söwda merkezlerinden we dükanlardan haryt saýlananda, islenýän önümiň elýeterli ýa-da ýeterlik mukdarda bolmazlygy mümkin. Şeýle ýüze çykan ýagdaýlarda, operator size jaň edip, tapylmadyk harydyň önüm kategoriýasyndan başga bir öndürijiniň önümi bilen çalyşmagy teklip eder. Satyn alyjy teklip edilýän çalyşmalar bilen razy bolup, ýa-da sargyt alnan wagtynda, tölegi tölenmezden öň, olary ret edip biler. Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Seslenme tapylmady