Kesiji enjam Gorenje R708A
- — Aşgabadyň çaginde 10 TMT
- — Aşgabadyň çaginden daşy 30 TMT başlanyar
- — Iş wagty: Du - Şe
- — Eltip berme: 09:00 - 18:00
- — Ýekşenbe - dynç güni
Aşhana kömekçileriniň ýene bir ähmiýetli enjamlarynyň biri GORENJE R708A dograýjysydyr. Ykjam göwrümli we ulanyşda sada funksiýa eýe bolan bu enjam Siziň gündelik we toý saçagyňyzy bezemekde esasy kömekçileriňiziň biri bolar. Bu enjam islendik azyk önümlerini- şöhlat et önümlerini, peýnir we ş.m ýarymfabrikat önümlerini, çörek, bakja önümlerini size gerekli galyňlykda tiz wagtda we birmeňzeş ölçegde kesmäge ýardam berer. Bu enjam bilen kesip taýýarlanylan önümleri bilen sendwiç, burger ýaly tiz tagamlary, şeýle hem dürli görnüşdäki işdäaçarlary bilen saçagyňyzy gysga wagtda bezäp bilersiňiz. Enjamyň kesiji pyçagy poslamaýan ýokary hilli polatdan ýasalan we enjamda önümleri kesmek üçin galyňlygy sazlaýjy funksiýa hem bar. Bu bolsa enjamyň mümkinçiliklerini artdyrýar. Enjamyň uly bolmadyk göwrümi ony diňe bir aşhanada däl eýsem, kafelarda we ofislarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Poslamaýan kesiji pyçagyň diametri - 170 mm. Kesmek funksiýanyň maksimal galyňlygy 15 mm.
Duýduryş: Harydyň bahasy, tehniki häsiýetnamalary, gowşurylyş komplekty we daşky görnüşi baradaky maglumatlar diňe salgylanmak üçin niýetlenendir we neşir edilende iň soňky maglumatlara esaslanýar. Çykaryjy Firma enjamyň optimizasiýa maksady bilen yzygiderli üýtgeşmeler goşýandyr. Şol sebäpli enjamlaryň aýratynlyklary, daşky sypaty, reňki we enjamlaryň sany suratlandyrylyşyndan tapawutlanyp biler. Şonuň üçin, satyn almazdan öň enjamyň aýratynlyklary barada satyjydan anyklaň.
- Galyňlygy sazlaýjy ,
- Howpsuz işletmek, agram salmadan goragy, tötänleýin işletmeden goragy ,
- Wakuum aýajyklary
- Gök-önümleri saklamak üçin we aýrylýan pyçakly
Alyjylaryň dykgatyna: ýokarda görkezilen maglumat neşir edilen wagty, açyk çeşmelerden, şol sanda resmi web sahypalaryndan we kataloglardan alnan iň soňky habarlara esaslanýar, önümiň beýanynyň we aýratynlyklarynyň takyklygyny kepillendirmeýär. Öndüriji gaplamanyň daşky görnüşini, önümiň düzümini, tagamlaryny we yzygiderliligini üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar. Enjamyňyzyň ekranynyň reňk görkezişiniň aýratynlyklary sebäpli, önümiň reňki, suratda görkezilen reňklerden biraz tapawutlanyp biler. Saýtda görkezilen bahalar üýtgedilip we tapawutlanyp biler. Bahalar we harytlaryň sany gijikdirilip täzelenip bilner. Has giňişleýin maglumat üçin biziň administratorymyz bilen habarlaşmagyňyzy we haýsydyr bir ýalňyşlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Harytlary eltip bermek hyzmaty, saýtda görkezilen elýeterliligine baglylykda amala aşyrylýar. Sargyt edilen harytlar ammarlardan alynman, söwda merkezleriniň we dükanlaryň tekjelerinden alynýar. Edilen sargydyňyz boýunça opeartorymyz söwda merkezlerinden we dükanlardan haryt saýlananda, islenýän önümiň elýeterli ýa-da ýeterlik mukdarda bolmazlygy mümkin. Şeýle ýüze çykan ýagdaýlarda, operator size jaň edip, tapylmadyk harydyň önüm kategoriýasyndan başga bir öndürijiniň önümi bilen çalyşmagy teklip eder. Satyn alyjy teklip edilýän çalyşmalar bilen razy bolup, ýa-da sargyt alnan wagtynda, tölegi tölenmezden öň, olary ret edip biler. Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Seslenme tapylmady