Eltip bermek we töleg

Delivery and Payment Options

Eltip bermek hyzmatymyzyň aýratynlyklary


Пункт доставки

Eltip berme hyzmatynyň bahasy saýlanan harytlara we dükanlara esaslanyp hasaplanylýar.

Чек

Sagat 09:00 - 17:30 aralygynda edilen sargytlar şol gün eltilýär, sagat 17:30-dan soňky edilen sargytlar bolsa ertesi gün size gowşurylar.

Машина

Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägi bilen bir hatarda Büzmeýine we Änew şäherine hem elýeterlidir. Sargyt tassyklanmadyk ýagdaýynda ol hasaba alynmaýar we ýerine ýetirilmeýär. Sargydyň tassyklanmagy üçin girizen telefon belgiňizden jaň kabul edip bilýändigiňize göz ýetiriň. Şeýle hem girizen salgyňyzyň dogrulygyny barlaň.

Etlip bermegiň görnüşleri

Доставка курьером

"Gapa çenli" eltip berme hyzmaty (Aşgabat, Büzmeýin, Änew çäklerinde).

Оплата наличными

Sargydyň görnüşi EXPRESS saýlansa, 2 sagadyň dowamynda eltip berilýär. (Aşgabat çäklerinde).

Töleg görnüşleri

Оплата наличными

Sargyt, saýtymyzyň kurýerine nagt görnüşinde geçirilenden soň tölenýär.

Оплата картой

Kart boýunça töleg — siz sargydyňyzy alan wagtyňyz post-terminalyň üsti bilen kartdan töleg edip bilersiňiz.

Has köp berilýän soraglar

Eltip bermek hyzmatynyň wagty?

Adatça sargyt edilen pursatyndan başlap, 3 sagadyň dowamynda sargyt edilen haryt eltip berilýär. Sagat 17:30-dan soň ýerleşdirilen sargytlar, ertesi gün eltip berilýär.

Satyjydan eltip bermek!

Söwda meýdançamyzda satyjylar tarapyndan harytlary gönüden-göni iberilýän hyzmatyndan hem peýdalanyp bilersiňiz. Sargydy resmileşdiriş sahypasynda, söwdaňyzy has amatly etmek üçin, eltip bermek hyzmatynyň wagty we bahalary barada anyk maglumatlar ýazylandyr.

Edilen sargyt üçin tölegi nädip geçirmeli?

Biz size birnäçe tölegiň amatly usullaryny hödürleýäris. Sargyt size gowşurylandan soňra, biziň kurýerimize nagt görnüşinde töläp bilersiňiz ýa-da post terminal arkaly kartyňyzy ulanyp bilersiňiz.

Eltip bermek hyzmatynyň sargyt edilen salgy boýunça çäkleri barmy?

Biziň eltip bermek hyzmatymyz Türkmenistanyň ähli künjeklerini öz içine alýar.

Sargyt tassyklanmasa näme etmeli?

Sargydyňyz tassyklanylmadyk ýagdaýynda, alada etmäň. Telefon belgiňiziň elýeterliligine we salgyňyzyň dogry ýazylanlygyna üns beriň. Goşmaça maglumat üçin siziň bilen habarlaşarys.

Gyssagly eltip bermek hyzmatynyňyz barmy?

Hawa, sargydyňyz 2 sagadyň dowamynda eltiler. Hyzmat diňe Aşgabat şäheri üçin elýeter.

Sargydymy ýaşaýan gatyma (etaža) çenli getirip berýäňizmi?

Elbetde, söwda meýdançamyzda ýerleşdirilen sargytlaryň ählisini kurýer göni gapyňyza çenli eltip berýär. Biziň maksadymyz-siziň rahatlylygyňyzdyr.

Eden sargydym barada çek we başga maglumatlary nireden tapyp bilerin?

Sargydy ýerleşdireniňizden soňra, ähli maglumatlary öz profiliňizde Sargytlarym. Sargydy ýerleşdireniňizden soňra, eden söwdaňyzyň umumy bahasy size elektron-poçta arkaly iberiler. Töleg, sargyt gowşurylandan soňra, amala aşyrylan ýagdaýynda, söwdaňyz barada çek, size kagyz görnüşinde beriler.