HJ Kaskad

Контактная информация
HJ Kaskad
ул. Т.Сухангулыева, д.41
Ашхабад
Адрес доставки
ул. Т.Сухангулыева, д.41
Ашхабад

“Kaskad” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň bazarynda 1995-nji ýyldan bäri işleýär.Ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazanan önümçilikleriň biridir. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. Hytaý Halk Respublikasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada aýnadan, poslamaýan polatdan, agaçdan önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Olaryň arasynda dürli görnüşli mebel önümleri, goşa kabinaly aýna, witražlar, germewler, egri çüýşeden ofis aralyk diwarlary, aýnadan gapylar, aýnaly süýşýän gapylar, şkaflar, aýnadan basgançaklar we tekjeler, kombinirlenen mozaikalar, aýnaly şarlawuklar bar. «Kaskad» hojalyk jemgyýeti öý we ofis otaglary üçin mebelleriň dürli görnüşlerini, aşhana toplumlaryny alyjylara hödürleýär. Önümler esasan, müşderiniň islegine görä, dürli ölçegde, çyzgyda buýurmalar esasynda öndürilýär. Duş kabinalary, söwda pawilýonlary, studiýalary bezemek işleri hem alyp barylýar. Toý zallarynyň bezegi, mahabat pawilýonlary hem müşderileriň ünsüni özüne çekýär. Kärhanada öndürilýän aýna önümleri ygtybarlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, ýaşaýyş jaýlarynyň otaglarynda, edara-kärhanalarda aýratyn gözellik döredýär. 25 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän, köpýyllyk iş tejribesini toplan kärhananyň önümleri hem hyzmatlary içerki we daşarky bazarda uly islege eýe. «Kaskad» hojalyk jemgyýeti aýna önümlerini Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna eksport edýär. Kompaniýanyň esasy maksady:ähli müşderileriň isleglerine laýyklykda ýokary hilli önüm öndürmekdir.

Благодарю за часики, очень смотрятся красиво.

Написать отзыв